Aşa çalt zarýad berýän beket

Elektroulaglaryň iň köp öndürilýän we satylýan ýurdy bolan Hytaýda bu ugurda täze tehnologiýalar hem işlenip taýýarlanýar. Ýurduň XPeng kompaniýasy 5 minutlyk zarýady bilen 300 kilometre ýetjek zarýad berýän bekedi işläp taýýarlady.

S5 atly zarýad bekediniň 800 kW kuwwaty bolup, elektroulaglara bir sekuntda bir kilometrden gowrak ýoly geçmäge ýetjek zarýad berip bilýär.Täze zarýad bekediniň ýylyň üçünji çärýeginde satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagyndaky päsgelçilikleriň biri zarýad beketleriniň ýaýrawynyň azdygy hem-de bu ulaglara zarýad bermegiň köp wagt alýandygydyr. Zarýad beketleriniň ýaýramagy hem-de has çalt zarýad berýän tehnologiýanyň peýda bolmagy bilen daşky gurşaw üçin zyýansyz ulaglaryň satuwynyň has-da artmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Rumyniýa Prezidentini saýlaýar 
Ysraýylly Ministr Gaza Berilýän Ynsanperwer Kömeginiň Bes Edilmegini Isledi
Hindistanda aşa yssy howa sebäpli saýlaw gullugynyň 33 işgäri ýogaldy
Hindistanda Aşa Yssy Howa Sebäpli 16 Adam Ýogaldy
Reflýuks
Hermitage Home Interiors bilen özüňize sagdyn uky we täzelenen interýerli ýatylýan otag sowgat ediň