Arzuwyny wysal eden: el hünäriniň gudraty

Höwes näme?Umuman, oňa adamyň kär saýlamagyna sebäp bolýan ol ýa-da beýleki işe, pişä meýil diýilýär.Galyberse-de, hat-da çagalyk döwründäki bolsa-da, arzuwyňa ýetmek.

Meniň gürrüňini edýän çeper elli zenanym çagalyk arzuwyna eýerip, özüni gurjak döretmek sungatyna bagş eden Annabagt Täçmyradowa. ...Annabagt Balkan welaýatynyň Serdar (ozalky Gyzylarbat) şäherinde doglup, owadan tebigy manzarlaryň arasynda kemala geldi.

Biz öz şahsy kiçeňräk jaýymyzda ýaşardyk, töweregimizde şeýle öýler kändi.Goňşylarymyz bilen agzybirdik, birek-birege kömek ederdik, toý-dabaralara bile taýýarlanardyk, bir saçagyň başyna üýşerdik-diýip Annabagt gürrüň berýär.

Gyzjagaza öýündäkiler köplenç Bahar diýerdiler, şeýdibem bu onuň ady bolup galdy.Bilesigeliji we zähmetsöýer gyzjagaz keşde çekilşine, haly dokalşyna syn etmekden armaýardy.El işlerini Bahar maşgalada özünden uly zenanlardan yhlasly öwrenip, enesi, ejesi, gelnejeleri ýaly çeper elli bolmaga çalyşýardy.

El işiniň syry asyrlarboýy eneden gyzyna geçip gelýär, onsoň her nesil hem oňa täze ýörelgeleri we üýtgeşik tilsimleri girizip, täze ugurlaryň döremegine hem-de käriň ösüşine ýardam edýär.Bahar mekdebi tamamlandan soň hünär edinmeli bolanda, ol gurluşyk tehikumyny saýlady. Öz ugrundan işe girdi, durmuş gurdy, üç çagany ösdürip, kemala getirdi.

Durmuşy abadandy, işem gowydy, maşgala-da agzybirdi, çagalary ata-enesini begendirýärdi, dost-ýarlarynyň sany artýardy. Ýöne kämillige höwesek Bahar: El işi sungatyna arzuwymdan el çekmedik bolsam, durmuşym nähili bolardy? - diýip ýygy-ýygydan öz-özüne sowal berýärdi.

Men özüme el işlerinden alýan lezzetimiň, elimden çykýan işleriň bezegindedir ölçegindäki dürli reňklerdir obrazlaryň ýetmeýänligine düşündim - diýip Bahar gürrüň berýär.Ykbalyň emri bilen Baharyň niýeti ýerine düşdi duruberdi.

Onuň işleýän kompaniýasy ýapylanfan soň ol: ozalky kärinden iş gözlemelimi ýa-da çagalyk arzuwyny amal etmeli, irde-giçde öz işiňi edinmelimi diýen meseläni çözmeli boldy.Pikirdeşleri - çeper elli Akmaral Garaýewa bilen gurjak ýasamakda tejribesi bolan nakgaş Tatýana Dworýaninowa kömege geldiler. Öz elinden çykan ilkinji eserleri bilen birlikde Baharyň durmuşy-da üýtgedi, onuň baý çeper hyýaly kreatiw ideýalarda beýanyny tapdy, ylhamy oýandy. Öz eliň bilen gurjak, eýjejik oýunjak, ertekileriň gahrymanlaryny we gaýry zatlary döretmek -- diňe bir surata, tikine we bezege ökdeligi talap etmän, eýsem kompozisiýanyň esaslaryny bilmegi, tapbilerligi, döredijilikli garaýşy hemem ..

dünýä çaga ýaly bakmagy öwredýän gyzykly, güzaply we köptapgyrly iş.Baharyň döredýän gurjaklary özüni döreden zenanyň adyndan türkmen halkynyň ýörelgeleridir däp-dessurlary barada gyzykly gürrüň berýän, gadymy eposlaryň ýordumlary we halanylýan ertekileriň gahrymanlary bilen tanyşdyrýan her dürli özboluşly keşplerdir.

Bahar milli äheňde şarnirli we garnuwly sowgatlyk gurjaklary ýasaýar.Gurjaklaryň göwresi, kellesi, eli-aýagy bizden tikilip, içine sintepon salynýar.Akril reňkler bilen olara özüne çekiji üýtgeşik ýüz şekili, hat-da häsiýet hem berilýär.

Ol öz eserlerini keteniden, mahmaldan, ýüňden we beýleki matalardan tikilen üýtgeşik lybaslar hem ýaglyklar, dürli aksessuarlar we hat-da kiçijik şaý-sepler: gülýaka, kolýe, ýüzük, gulakhalka bilenem bezeýär.Gurjaklaryň aýakgaplary, şeýle hem örme joraplar-da el işleridir.

Bir gurjak ýasamak üçin adatça bir aýa golaý wagt gerek, olaryň her biri awtoryň duýgylaryny görkezýän, zehin joşgunyndan döreýän şatlygyny paýlaýan we däpleriň dürli keşpli dünýäsine hem-de çagalyga aralaşmaga mümkinçilik berýän gaýtalanmajak sungat eseri.

Baharyň eserleri dürli döredijilik çärelerinde we sergilerde görkezilýär.Onuň önümleri göreni biparh goýmaýar.Meniň gurjaklarym bilen tanyşýan adamlaryň bolşuna syn etmek hasam gyzykly.Käbiri sowal berse, beýlekileri öz pikirini aýdýar, başgalary sesini çykarman seretse, käsi geň galyp, beýlekileri haýran galyp olara syn edýärler.

Olaryň maňa berýän ünsi meni begendirýär, men köplenç gurjaklary sergilere gelýänlere sowgat berýärin, özem ondan lezzet alýaryn, çünki sungatyň esasy maksady -- satlyk paýlamak diýip pikir edýärin!Döredijiligime sarpa goýýanlar bilen söhbetdeşlikden täze ideýalar döreýär. Ýeri gelende, çatynjalaryň maňa gurjak-tumar ýasamagy haýyş edýändiklerinem aýdaýyn - diýip Bahar gürrüň berýär.

Baharyň işlerine dürli ýurtlardan Türkiýeden, Ukrtainadan, Russiýadan kolleksionerler gyzyklanma bildirýärler.Gurjaklardan başga-da, ol sowgatlyk düýe heýkeljiklerini, adaty tumarlary ýasaýar.Golaýda nakgaş zenan şu ýylyň ahyrynda Moskwada geçirmek göz öňünde tutulýan el işleriniň we žiwopis eserleriniň sergisine gatnaşmaga çakylyk aldy.

Mümkinçilik bolsa, Bahar medeniýetara ýarmarka metaforiki keşpleri ýurdumyzyň bäş welaýatynyň milli ýörelgeleri barada gürrüň berýän täze gurjakalryň bäşisini hödürlemekçi.Baharyň ussahanasynyň gapysy özi bilen pikirdeşler üçin açyk.Ol bilýän zadyny höwes bilen öwredýär, täze tilsimleri we bezeg usullaryny öwrenýär, ussatlyk sapaklaryny berýär.

Baharyň okuwçylary olar, esasan, keşpleriň gözel dünýäsine aralaşmaga we özboluşly erteki döretmäge zehinli eli çeper zenanyň ussatlyk syryny öwrenmäge isleg bildirip, onuň myhmansöýer öýüne ýygnanýan goňşy oglanjyklardyr gyzjagazlar...

Ýene degişli makalalar

Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Türkmenistanda Baş täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy
Ýapon gurjaklarynyň sergisi
Gyş ertekisi
Körpeleriň Aşyr dädesi
Körpeleriň Aşyr dädesi