Arzan süýji-kökeler we ýasama azyk bolçulygy: Baýramçylygyň öňüsyrasynda söwda janlanýar

Arzan süýji-kökeler we ýasama azyk bolçulygy: Baýramçylygyň öňüsyrasynda söwda janlanýar

Mary welaýatynyň merkezi bazarynda alyjylara arzan bahalardan hödürlenip başlanan süýji-kökeler uly islegden peýdalanýar. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde azyk bolçulygyny görkezýän ýasama ýarmarkalar geçirilýär.

“Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli her gün irden welaýatyň merkezi bazarynda elýeter bahadan süýji-kökeler satylyp başlandy. Ýöne bu önümlere hyrydar köp, gijäň ýarynda nobatlar emele gelip başlaýar” diýip, maryly alyjylar aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary geçen hepdede Marynyň merkezi bazarlarynyň birinde arzan bahadan satylyp başlanan towuk etiniň söwdasy barada habar berdi.

Arzan konditer önümleriniň söwdasy baradaky habarlar sebitiň iri bazarlarynyň birine kilesi 18 manat 20 teňňeden towuk etiniň getirilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Ýerli alyjylar şeýle söwdanyň döwlet tarapyndan guramalaşdyrylýandygyny, hususy söwdada towuk etiniň bahasynyň 24 manada çenli çykyp bilýändigini aýtdylar.

Arzan azyk önümleriniň bazarlarda peýda bolmagy baradaky habarlar tapgyr ikinji hepde dowam edýär.

Şeýle “arzançylygy” we “azyk bolçulygyny” Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň alyjylary “ýasama bolçulyk” atlandyrýarlar.

“Döwlet dükanlarynyň öňünde ýasama azyk bolçulygyny görkezýän ýarmarkalar geçirilýär” diýip, lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Gaýtadan janlanan azyk ýarmarkalaryna garamazdan, türkmenabatly ýaşaýjylar bu sebitde baýramçylygyň öňüsyrasynda käbir azyk harytlaryň bahalarynyň ýokarlanandygyny aýdýarlar.

Welaýat merkezinde bir kilogram tüwi öňler 10-11 manat bolan bolsa, häzir 15 manada çykypdyr. Şöhlat önümleri 30 manatdan 45 manada, iň arzan balyklar 40 manatdan 75 manada çenli ýokarlanypdyr.

Şeýle bolanda, tüwiniň bahasy gysga wagtyň içinde 35 göterim, şöhlat önümleri 50 göterim we balyk tas 87 göterim ýokarlanypdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabatda towuk budynyň bir kilesiniň 30 manatdan satylýandygyny aýdýar. Marynyň sebit merkezinde bir hepde mundan ozal gurnalan arzan towuk söwdasy bilen deňeşdirilende Lebapda towuk etiniň bahasy tas 1,6 esse gymmat bolýar.

Türkmenistanda iri baýramçylyklaryň öňüsyrasynda, hususan-da Täze ýyl baýramçylygynda bazarlarda we iri söwda nokatlarynda azyk bolçulygynyň döredilmegi döwlet baştutany tarapyndan tabşyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýaňy-ýakynda berlen şeýle tabşyryklaryň yz ýany Lebap welaýatynyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalarynyň bir hepde çemesi arzan bolandygyny, ýöne soňra gaýtadan gymmatlandygyny aýdýar.

“Arahisiň bir kilogramy 60 manat, fistaşkanyň kilesi 180 manat, kakadylan erik 130 manat, et 65-70 manat aralygynda” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.

Et önümleri barada aýdylanda, bu sebitde goýun eti tapdyrmaýar diýip, alyjylar aýdýar.

Mary welaýatynda dekabryň başlarynda goýun eti 40 göterim çemesi gymmatlap, 46 manatdan 64 manada göterildi.

“Üçünji kwartalda dükanlaryň öňünde stol goýlup, dürli görnüşli miweler we ýumşak oýnawaçlar bilen bezelipdir” diýip, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.

Satyjylar söwda nokatlarynyň öňünde guramalaşdyrylýan şeýle ýarmarkalaryň ýerli söwda resmileri tarapyndan gözegçilikde saklanýandygyny aýdýarlar.

Döwlet metbugatyna görä, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bu gezek hem edara-kärhanalarda işgärleriň aýlyklaryny 20-nji dekabra çenli tölemeklik tabşyrylypdyr.

Mary welaýatyndaky habarçymyz sebitiň iri bazarynda ir säher bilen başlanýan arzan süýji-köke söwdasynda nobatlaryň emele gelip, arzan önümiň hemmelere ýetmeýändigini, alyjylaryň tas ýarysynyň öýlerine elleri boş gaýdýandygyny aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar söwdagär adamlaryň, satyjylaryň arzan konditer önümlerini köp-köpden satyn alýandyklaryny aýdýarlar. Ýatlasak, şeýle ýagdaý geçen hepdede arzan towuk etiniň söwdasynda hem ýüze çykypdy. Käbir adamlar döwlet bahasyndan satylýan towuk etini arzan alyp, hususy dükanlara gymmat bahadan satmaga çalyşdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitlerde Täze ýyl baýramçylygyny synlamagy dowam etdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda arzan çörek isleýänlerden ýany bilen köke satyn almak talap edilýär
Diňle: Arzan towuk etiniň söwdasynda nobatlar emele gelýär
Arzan towuk etiniň söwdasynda nobatlar emele gelýär
Diňle: Arzan süýji-kökeler we ýasama azyk bolçulygy: Baýramçylygyň öňüsyrasynda söwda janlanýar
Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”
BILDIRIŞ