Türkmenistanyň ýiti azyk meseleleriniň inkär edip bolmaýan subutnamasy bolan azyk nobatlary ýyl çalyşmazynyň öň ýanlarynda hem saklanyp galýar, döwlet ýolbaşçysynyň baýramçylyk saçaklary barada berýän tabşyryklary işlemeýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýärler.
Ýurduň azyk meselesi jogapkär döwlet wezipelerinde işleýän adamlary, olaryň garyndaşlaryny we arkaly telekeçileri kän tolgundyrmaýar, azyk esasan ýönekeý halkyň problemasy diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Balkan we Mary sebitlerindäki habarçylarymyz ilatyň esasy ulanýan azyk önümleriniň töweregindäki ýagdaýa syn edip, aýyň başynda satuwa çykarylan önümleriň häzirki söwdasy bilen gyzyklandy.
Balkan sebitinde 5-nji dekabrdan başlap satuwa çykarylan we bir kilogramy 16 manat bolan towuk budy, 1 litri 18 manatdan satylan günebakar ýagy 13-nji dekabrda gözden uçdy, bu önümler günbatar welaýatyň ne merkezinde, ne-de Türkmenbaşyda satylýar diýip, ýerli ýaşaýjylar bilen gürleşen habarçy aýtdy.
“Täze küýzäniň suwy sowuk” diýişleri ýaly, täze bellenen söwda ministri we söwda pudagyna gözegçilik edýän täze wise-premýer birbada üýtgeşiklik etjek ýaly göründi. Ýöne, öňki resmileriň bolşy ýaly, bularyň hem ýyndamlygy samanhana çenli boldy” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
“Balkanlylar indi söwda pudagyna halal adam, iş başarýan ýolbaşçylar bellendi’ diýip begenipdiler; towuk we un, ösümlik ýagy döwlet dükanlarynda soňky 15 günden gowrak wagt dowamynda näçe diýseň satyldy. Ýöne adamlaryň begenji diňe Bitaraplyk baýramyna çenli boldy, baýramçylyk tamamlanandan soň welaýatyň döwlet dükanlarynyň hiç birinde arzan bahadan satylýan önüm galmady” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjynyň aýdanlaryny etraplaryň birinde ýaşaýan raýat hem tassyk etdi.
Aýratynlykda gürleşilen başga bir ýaşaýjy özüniň diňe 30 sanysy 45 manatdan satylýan, hili pes türk ýumurtgasyndan başga zat tapmandygyny, ol ýumurtganyň hem her ele 20-den berilýändigini aýtdy.
“Aýdylýanlar dogry, häzir un, ýag, towuk budy ýaly zerur harytlar elýeterli bahadan satylmaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Döwlet dükanlarynda bir kilogramy 16 manat bolan towuk budy hususy söwdada 28, 30 manatdan, litri 18 manat bolan günebakar ýagy 28 manatdan, 50 kilogramy 200 manatdan satylan türkmen uny bolsa 460 manatdan satylýar, ýönekeý türkmenistanlylar ol önümleri bu nyrhdan alyp bilmeýär, aýlyklar az, işsiz adam kän diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.
Bilim, saglyk, polisiýa, demirýol işgärleriniň, harbylaryň aýlyk haklary, aýdylmagyna görä, kartlaryna aýyň 14-inden bärde geçirilmeýär.
“Bizde pul ýok wagty towuk budy, günebakar ýagy, arzan pomidor we hyýar, un satyldy. O mahal bu zatlary satyn almaga pulumyz bolmady, indi aýlyk haklary hasabymyza geçdi, ýöne arzan azyk satylmaýar” diýip, türkmenbaşyly mugallym Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Onuň sözlerine görä, “uly wezipeli ýolbaşçylaryň ýakynlarynyň baý bolmagy mümkin, ýönekeý adamlar para almasa, ogurlyk etmese, nireden baýasyn, azyk problema, gaz, elektrik, suw, kommunal hyzmat tölegleri gymmat, býujet işgärleriniň aglabasy 900, 1500 manat aýlyk alýar, bu pula bir aýlap 3, 5 çaga bilen güzeran aýlamak gaty kyn”.
Balkandaky habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjylaryň aýdan sözlerini Marydaky habarçymyzyň söhbetdeşleri hem tassyk etdi.
Mary şäheriniň Mollanepes köçesindäki gök bazarynda, il içinde “Zelýonny bazar” diýilýände her gün irden döwlet bahasyndan satylýan towuk budy goýberilýär diýip, habarçymyz ýazdy.
Onuň maglumatyna görä, adamlar bu ýerde her gün irden, sagat 6:00-dan nobata durmaga başlaýar, satyjylar sagat 7:00-da kilogramy 18 manat 20 teňňeden berilýän towuk buduny satmaga başlaýar, bölünip berlen towuk budy bir sagat gowrak wagtda, 8:00-8:30 töwereklerinde satylyp gutarýar.
Döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan towuk butlary, ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, hususy dükanlarda 24 manatdan satylýar we, ýurt garaşsyzlygynyň başyndan bäri dowam edýän tejribä görä, bu ýagdaý arzan önümleriň töweregindäki isleg-talaby güýçlendirýär.
“Ýaşaýjylaryň käbiri, artyk puly bolmansoň, arzan önümlerden diňe iýjegini alyp bilse razy bolýar. Ýöne bu ýagdaýy öz işsizlik, eklenç meselelerini çözmek üçin ulanmaga çalyşýanlar hem bar. Ugruny tapan adamlar 18 manat 20 teňňeden satyn alan towuk butlaryny hususy dükanlara 21-22 manatdan tabşyryp, birneme gazanç edýär” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Aýratynlykda gürleşen başga bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, edil häzir bu hili emel edýän adam kän däl, sebäbi köp adam bilenok.
“Häzir towuk budy adam başyna 5 kilograma çenli goýberilýär, ýöne adam köpelen ýagdaýynda adam başyna berilýän towuk budy 2-3 kg çenli azaldylýar. Häzir adam gaty kän bolmansoň, nobata maşgala bolup durup, 2-3 gezekden täzeden nobata durup, herimiz 10-15 kg towuk buduny satyn alyp bilýäris” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk türkmen häkimiýetleri bilen telefonda gürleşip, ýurtda dowam edýän azyk meseleleri barada düşündiriş alyp bilmeýär. Türkmen metbugaty ýurtda azyk howpsuzlygyny döretmek üçin uly işleriň edilendigini we edilýändigini tekrarlaýar.
Synçylar iň ýokarky ýolbaşçylar bilen bagly dolandyryş krizisiniň boýun alynmalydygyny, etrap, welaýat häkimleri, ministr we wise-premýer derejelerindäki emeldarlaryň täzelenmeginiň hiç bir meseläni çözmeýändigini, munuň özüňi aldamakdan başga zat däldigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.