Arylar barada

1.Miwedir gök önümleriň hasylly bolmagyny üpjün edýän arylaryň 16 müňden gowrak görnüşi bar.2.Arylaryň diňe 5 göterimi topar bolup ýaşaýar.3.

Arynyň wyzzyldysy onuň minutda 12 müň gezek ganat kakmagy netijesinde döreýär.4. 1984-nji ýylda 3300 balary kosmosa uçuryldy. Ýeriň dartyş güýjüniň ýok ýerinde arylaryň ýaşaýan otagyny örän arassa saklandyklary anyklandy.5.

Geçirilen barlaglarda balarylarynyň adamlary ýüz keşbinden saýgaryp bilýändiklerine göz ýetirildi.6.Balarylar nektar ýygnaýan döwründe günde ortaça, 20 müň güle gonýarlar.7.Ortaça bir maşgalada 50 000 80 000 aralygynda ary bolýar.8. 500 gram bal ýygnamak üçin arylar 2 million güle gonmaly bolýar we munuň üçin 88 müň km ýol geçýärler.9.

Bir ary ömrüniň dowamynda bir çaý çemçesiniň 1/12-si ýaly bal öndürýär.10.Sekuntda 200 gezek ganat kakýan arylar sagatda 24 km ýol geçýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda SIM kartalary satylmaýar, Aşgabatda we Türkmenabatda internet haýallady
Sekuntda 5 trillion kadr
Sekuntda 10 trillion kadr
Türkmenistanyň wekilýeti Hytaýyň Szilin welaýatynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi