Artykmaç agramdan dyndarýar

Gara çaý içegäniň mikroflorasyna oňaýly täsir edip, horlanmaga sebäp bolýar. Şunuň ýaly adaty bolmadyk açyşy Los Anjelesdäki Koliforniýa ştatynyň bilermenleri mälim etdiler.Oňat demlenen ýokary hilli gara çaý bioaktiw maddalaryň hazynasydyr.

Onuň düzüminde katehin, antioksidant we kofein ýaly kuwwatlandyryjy maddalar bar.Bu bolsa, ABŞ-nyň Ogaýo uniwersitetiniň alymlarynyň täze açyşy: gara çaý horlanmagyň ýeňil bolmadyk ýoluna düşenlere işjeň ýardam berýär.

Alymlaryň aýtmagyna görä, adamyň syratlylygy üçin peýdaly bolan madda polifenollar bolup çykdy.Gara çaýyň içegedäki peýdaly bakteriýalary ösdürmäge kömek edýändigi we polifenollaryň hasabyna bagryň işini sazlaýandygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem polifenollar içegäniň mikroblaryny gyrmaga hem ukyplydyr.

Gemrijilerde geçirilen köp sanly barlaglardan soň, şunuň ýaly netijä gelindi.Alymlaryň bellemegine görä, çaýda içegedäki ýaglaryň siňmegini pese düşürýän birleşmeleriň uly toplumy saklanýar.Bu täsin ferment “teaflawin” we “tearubigin” diýlip atlandyryldy.Olar holesterinleri laýyk çarçuwada saklamaga kömek edýär.

Bu oňat täzelik. Ýöne süýtli çaý horlanmaga kömek etmeýär. Çünki süýtdäki beloklar çaýdaky “teaflawin” we “tearubiginleri” dargadýarlar. Şonuň üçin, eger horlanmak isleseňiz süýtsüz çaý içiň, güýçli we ýagly nahardan soňra, ajy edip gara çaý demläň.Bu gök çaýa hem degişli.

Gara çaýam, gök çaýam adamyň saglygyny berkidip, horlanmaga ýardam berýär. Ýöne ýakyn geljekde horlanmaga ýardam berýän fermentlere baý bolan çaýyň täze görnüşiniň peýda bolmagy mümkin.Häzirki wagtda alymlar eýýäm, olaryň seleksiýasynyň üstünde işleýärler. Şeýle çaýyň düzümini bolsa, süýt hem dargadyp bilmez diýlip, çak edilýär.Şonuň ýaly hem barlaglar şekersiz çaý diňe bir maddalaryň çalyşmasyna däl, eýsem, bagra hem oňaýly täsir edýändigini görkezdi.

Onuň işjeň fermentleri ýag gepatozalaryndan, ýagny, bagry ýag almakdan goraýar.

Taýýarlan Nargiza ROZYÝEWA, S. A. Nyýazow adyndakyTOHU-nyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Diýarymda joşýar şirin owazlar
Owadan jeňňel suguny-Amyderýa goraghanasynda seýrek duşýan haýwanlaryň biridir
K a l e ý d o s k o p
Goşar sagady näme üçin çep ele dakylýar?!
Daşoguzda zenanlara bagyşlanan sergi açyldy