Artyk ady bilen adygan

Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanowy ýatlap

Wagt elmydama öz gahrymanlaryny döredip gelýär. Geçen asyryň ortalarynda ýaşap hem döredip geçen sungat ussatlarymyz Alty Garlyýew, Baba Annanow, Artyk Jallyýew, şeýle-de meşhur Aýgytly ädim, Keçpelek, Şükür bagşy ýaly filmleriň sazyny ýazan belli kompozitor Nury Halmämmedow dagy halkyň ýüreginde orun alan ussatlardyr.

Ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň adybir romany boýunça kinorežissýor hem aktýor Alty Garlyýewiň surata düşüren Aýgytly ädim atly filmine halkymyz mawy ekran arkaly ürç edip tomaşa ederdi. Şol filmdäki baş keşplerde çykyş edýän Artyk bilen Aýnanyň ykballary hemmeleri tolgundyrýardy.

Filmdäki gapma-garşylykly sahnalar bolsa tomaşaçyny gam-gussa batyrýardy.Soňra režissýor Öwülýäguly Kulyýewiň surata düşüren Keçpelek atly tragiki filmindäki baş gahrymanlaryň biriniň, ýagny sada oba oglany Berdimyradyň keşbi hem tomaşaçylary biparh goýmaýardy.

Men şol wagtlar ol aktýoryň kimdigini-de bilemokdym.Orta mekdebi tamamlamsoň, ykbalymy sungat bilen baglamagy ýüregime düwdüm. Şondan soň meşhur artist Baba Annanowyň durmuş we döredijilik ýoly bilen gyzyklanyp ugradym.

Baba Annanow 1934-nji ýylyň 20-nji fewralynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda ussanyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol entek çagaka kakasy Çary ussa maşgalasy bilen Aşgabadyň çetinde ýerleşýän öňki Garadamak obasyna göçüp gelýär. Ýöne kakasy 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, ejesi bolsa 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesinde wepat bolýar.

Ol oba mekdebini tamamlansoň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk bölümine resminamalaryny tabşyryp, döwlet synaglaryna taýýarlyk görüp başlaýar.Emma oňa bu okuw mekdebinde okamak miýesser etmeýär.Ol ykbalyň emri bilen 1954-nji ýylda Daşkendiň N.Ostrowskiý adyndaky çeperçilik teatral institutynyň aktýorlary taýýarlaýan bölüminde okamaly bolýar.

Baba Annanow 1959-njy ýylda ýokary okuwy tamamlap gelensoň, az wagtlyk Lebabyň sazly-drama teatrynda režissýor, soňra bolsa Aşgabat telestudiýasynda aktýor bolup zähmet çekýär.

Baba Annanow aktýor hökmünde ilkinji gezek Türkmenfilm kinostudiýasynyň önümi bolan Ilkinji ekzamen atly filmde keşp janlandyrýar. Şol keşp hem ony kino muşdaklaryna äşgär edýär.Haçan-da ussat kinorežissýor hem aktýor Alty Garlyýew meşhur Aýgytly ädim filmini surata düşürmek üçin artistleri taýýarlap ýörkä, filmdäki Artyk Babalynyň keşbini janlandyrmak üçin Baba Annanowy teklip edýär.

Emma filmiň şowly çykmagyna jogap berýän topar muňa düýbünden garşy çykýar. Şonda Alty aga şol keşbi Baba Annanowdan başga hiç kimiň janlandyryp bilmejekdigini aýdýar.Aýgytly ädim filmi ekrana çykansoň Baba Annanowyň aktýorçylyk ukyby daşary ýurtlara hem äşgär bolup, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kinostudiýalarynyň režissýorlary hem öz düşürýän filmlerinde aktýor hökmünde keşp janlandyrmak üçin ony çagyryp başlaýarlar.

Baba Annanowyň diňe bir aktýor bolman, eýsem, kinorežissýor hökmünde hem ençeme filmleri surata düşürendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.Meşhur Kärizgenler filmi onuň ilkinji surata düşüren filmidir.Filmiň wakasy 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda galan oba adamlarynyň durmuşyndan gürrüň berýär. Şol filmden soň ol Serdar, Zergär, Ussatlar, Şahyr, Seýdi we başga-da ululy-kiçili ençeme filmleri surata düşürýär. Ýeri gelende aýtsak, ussat aktýor ençeme powestleriň hem awtorydyr.

Onuň Kärizgenler hakynda ýazan kitaby hem çapdan çykýar.Ol döredijilik babatynda ogly Kerim bilen maslahatlaşyp, ony özüne ýakyn maslahatçy tutunypdyr.Baba Annanow Zöhre-Tahyr filmine ssenariýa ýazýar we ony surata düşürýär. Şol filmdäki Zöhräniň kakasy Babahanyň keşbini bolsa özi janlandyrýar.

Onuň Bagtyndan jyda düşen Pyragy atly filmde Magtymgulynyň kakasy Azadynyň keşbini janlandyrmagy hem tüýs jüpüne düşen keşpleriň biri bolýar.

Ussat artist bedew aty juda oňat görüpdir.At çapmak onuň söýgüli pişesi bolupdyr.Ol özüniň ýeke-täk ogul perzendi Kerime hem öz kärini öwredipdir.Kerim ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenfilm kinostudiýasynda kinorežissýor bolup zähmet çekmek bilen, ençeme ilhalar filmleri surata düşüripdi.

Haçan-da Baba Annanow Kärizgenler filmini surata düşüreninde kinorežissýoryň işini ýerine ýetirmegi ogly Kerime tabşyrýar.Filmiň baş gahrymany, uruşdan eline zeper ýetip gelen Merdan atly görmegeý ýaş ýigidiň keşbini janlandyrmagy hem ogly Kerime ynanýar.

Kerim bu keşbi ynandyryjy edip janlandyryp, kakasynyň özüne bildiren ynamyny aňryýany bilen ödemegi başarýar.

Köpleriň halypasy, ussat kinorežissýor hem aktýor Baba Annanow işlän döwründe ençeme şägirtleri hem ýetişdirdi.Bu günki gün ussat halypanyň ýetişdiren şägirtleri ony ýagşylykda ýatlaýarlar. Şolaryň biri, häzirki wagtda Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginde biregne kyrk ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekip gelýän ýokary derejeli kinooperator Döwlet Hudaýberdiýew halypasyny ýatlap şeýle diýýär: 1972-nji ýylda men entek mekdepde okap ýörkäm biziň obamyza Türkmenfilm-den Ýurt eýesi atly filmi surata düşürmek üçin döredijilik topary geldi.

Menem bu habary eşidip, surat alýan guralymy alyp, okuwdan soň kino düşürilýän ýere baryp, artistleriň hereketlerini surata düşürýärdim.Meni esasanam operatoryň işi gyzyklandyrýardy. Şonda topar bilen gelen iki sany adam meni ýanyna çagyryp: Senden iru-giç kinooperator çykar diýdiler.

Soň görüp otursam olar meşhur artistler Artyk Jallyýew bilen Baba Annanow eken.Mekdebi tamamlamsoň sungata bolan höwesim meni Türkmenfilme alyp bardy. Şol wagtam Baba Annanow Kärizgenler filmini surata düşürip ýören eken.

Menem şol filmde sahna gurnaýjynyň kömekçisi edip berkitdiler.Halypam maňa şol filmde kiçiräjik keşpleriň birini janlandyrmagy hem tabşyrdy. Şeýdip halypamyň kömek-goldawy bilen kino işgäri bolup galyberdim.Halypamyza bolan çäksiz hormatymyz biziň ýüreklerimizde hemişe saklanar.

Baba Annanowyň ýanýoldaşy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bossan Rejepowanyň hem öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki-drama teatrynda ençeme ýyllaryň dowamynda döredijilikli zähmet çekendigini ýatlap geçesimiz gelýär.Olar iki gyzy, bir ogly terbiýeläp ýetişdirýärler.

Köpleriň halypasy, aktýor hem režissýor Baba Annanowyň türkmen teatr hem kino sungatynda bitiren hyzmatlary nazara alnyp, 1966-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen at we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berilýär.

Ol Türkmenistanyň halk artisti diýen belent adyň hem eýesidir.Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň owadan köçeleriniň birine Baba Annanowyň adynyň dakylmagy bolsa taryhda yz goýup giden sungat ussatlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär.

Akmyrat Hojaberdiýew, Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň hünärmeni.

The post Artyk ady bilen adygan appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ussat artist Baba Annanowyň doglan gününiň 90 ýyllygy
Halypa sargydy
2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň TERTIBI
Görelde gören sahna ussady
Ykbalyny kino sungatyna bagyşlan halypa
2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa Kabul etmegiň tertibi: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty