ABŞ-da duşenbe güni meýilleşdirilen Artemis 1 (“Artemida-1”) missiýasynyň Aýa uçurylyşy soňa goýuldy. Täze super agyr raketa göterijisi SLS-e (Space Launch System) ýangyç guýlanda, suwuk wodorodyň syzmagy ýüze çykaryldy diýip, NASA habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.
SLS raketa göterijisi Artemis 1 missiýasynyň çäginde Orion kosmos gämisini onuň synag dolandyryjysyz uçuşy üçin orbita çykarmalydy.NASA-nyň maglumatlaryna görä, näsazlyklar düzedilen ýagdaýynda indiki uçuş synanyşygy 2-nji sentýabrda bolup biler.
Uçuryş Floridanyň Kanaweral burnundaky Kennedi kosmos merkeziniň 39B uçuş meýdançasyndan ABŞ-nyň gündogar kenarynyň wagty bilen 08:33-de amala aşyrylmalydy. Ýöne wagtyň yzyna hasaplanmagy uçuşdan 40 minut öň togtadyldy.
Artemis 1 missiýasynyň çäginde Orion kosmos gämisi Aýa tarap ugrap, birnäçe hepde onuň orbitasynda bolmaly.Soňra gämi Ýere gaýdyp gelip, Kaliforniýanyň kenarynda Ýuwaş ummanyna gonmaly.Synag uçuşy SLS raketasynyň we Orion gämisiniň missiýa taýýardygyny görkezmeli.