Ýewropada ýaýlyma berilýän Arte nemes-fransuz teleýaýlymy 22-nji oktýabrda Çöl çägelerindäki hazynalar — Türkmenistanyň gadymy mirasy atly filmi görkezer.
Film türkmen topragynyň täsin ýadygärliklerine, şol sanda gadymy dünýäniň güýç merkezlerinden biri bolan Marguşa bagyşlanýar. Marguş şalygy Mesopotamiýanyň we Müsüriň ösen medeniýetleri bilen bir wagtda gülläp ösen hem bolsa, asyrlarboýy ýatdan çykaryldy. Diňe ýaňy-ýakynda arheologlar Garagumuň jümmüşindäki, ýagny şol wagtky paýtagt Goňurdepe şäherindäki köşk binalaryny ýüze çykardylar.
Nemes dokumental kinoçylary tarapyndan taýýarlanylan filmde türkmen topragyndaky gadymy ýadygärliklerden hem-de olarda alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işlerinden söz açylýar.
Film 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda ilkinji gezek görkezilenden bäri Ýewropanyň teleýaýlymlarynyň ekranlaryndan düşmän gelýär.