Art-bazarda ylham bilen üýtgeşik täzelikler utgaşýar

Bagtyýarlyk Söwda-dynç alyş merkezi bu ýerde art-bazar geçirilende göz-görtele özgerýär.Bu ýere gelýän mähelläniň arasynda ululardyr kiçilerem, oýa batyp ýörenmidir alňasaklar-da, alçaklar hem salykatlylaram, mahlasy, bir-birine asla meňzemeýänler bar, ýöne olaryň baryny biziň estetiki dünýägaraýşymyzyň çägini giňeldýän zehinli adamlaryň eserlerine özboluşly isleg birleşdirýär.

Art-bazarlaryň muşdaklary barha artýar. Öz döreden işlerini köplüge hödürleýänleriň sany 150-ä ýetýär.Akkordeonçy Sergeý Isakowyň sazy oňa baýramçylyk ruhuny çaýdy.Sazandanyň gapdalynda ussat suratçy Möjek Çaryýew bary-ýogy 15 minutda oňa ýüz tutanlaryň portretini çekip berýärdi, özem gymmadam däl, ýöne onuň lezzetini aýtsana!

Maryly nakgaş Allaberdi Öwezdurdyýewiň işleriniň sergisi hem köp adamly.Onuň şowly işleriniiň biri bolan Dogluş suratynda 7 ýaşly bagtyýar oglanjyk şekillendirilipdir: çünki olaryň düýesi botlapdyr. Ýeri gelende, bu oglanjygyň nakgaşyň öz ogly Döwletgeldidigini aýtmak gerek.

Beýleki bir maryly nakgaş Abdylla Yklymowyň getiren işlerinden gün nurundan doly Gyrkym suraty has ýatda galyjy çykypdyr.Art-bazaryň açylmagy bilen är-aýal Sultanowlaryň umumy maşgala işi peýda boldy, oňa hat-da olaryň 11 ýaşly ogullary Rinat hem goşuldy, ol duzly hamyrdan dürli zatlary ýasaýar.

Onuň ejesi bolsa, ýürege ýakymly gutlag otkrytkalarynyň ussady.Luiza Sabitowa hemmeler Luiza hanym diýip ýüzlenýärler.Ol tornagyşlardan...owadan monjuklary, bilezik, gulakysyrgalar ýasaýar.Indi şolar moda girdi.

Olaryň gapdalynda geçen asyryň 20-nji ýyllarynda ýoň bolan näzik perlerden ýasalan ajaýyp şaý-sepler goýlupdyr.Luiza olary saça dakylýan halkalardyr gulakysyrgalara nepislik bilen geýdirýär welin, asyl bu gözellige bakyp gözüň doýmaýar. Ýelena Žançurinanyň ýasaýan bezeg işlerinde mis, mata we gön ýaly asla bir-birine sepläp bolmajak zatlar sazlaşykly utgaşypdyr. Şonda-da olar göze ýakymly görünýär. Ýelena mis plastinany taýýarlaýyş usulyny gürrüň berdi.

Ilki oňa surat çekilip, soňra kislota bilen ondan güberçek şekil alynýar.Oňa sinteki mata ýa-da keteni çekilýär.Towşan nähili bolýar diýip sorasalar, siz, elbetde, çal hem uzyn gulak diýip jogap berersiňiz. Ýöne Gökdepeden gelen Tatýana Golowçenkonyň ýasan towşanlary üýtgeşik: olaryň arasynda mellekçisem, näzeninem, hytaýlysam bar, garaz, her dürlüsi duşýar.

Tatýana 23 ýyllap dokma önümçilginde zähemt çekipdir, ol owadan mata ýa-da tornagyş bölejikleri zyňylsa, muňa nebsi agyrýar ekeni.Ol yhlas siňdirip, şol bölejiklerden her dürli gelşiklije oýunjaklary tikip ugrady.

Tatýananyň el hünäriniň hyrydarlydygyny gören uýasy hem her hili jandarlary örüp başlady.Beýleki uýasy bolsa, tumar ýasaýar.Biz dürli ugurlarda işlesegem, maksadymyz sungatymyz bilen adamlary begendirmek-diýip Tatýana gürrüň berýär.

Bu tor haltajyklaryň nämä gerekdigini asla bilmersiňiz! ...Olar düýş tutujylar ekeni! Ýagşy düýş görjek bolsaňyz, ony synap göräýiň.Olary taýýarlaýan Angelina Pankratowa muňa doly kepil geçýär.Ol islendik düýşi tutýan tor haltajyklary ýasaýar.

Gözel Pälwanowa Sankt-Peterburgda geçirilen amaly-haşam sungaty boýunça halkara bäsleşiginiň Milli äheňli aksessuarlar ugrunyň ýeňijisi.Men bäsleşige öz elimden çykan türkmen zenanlarynyň milli şaý-seplerini hödürledim.Milli bezeglerimiz nepis ahyry, şonuň üçinem meniň işlerim beýlekileriňkiden saýry geldi.

Bu zatlary iki ýyl bäri ýasap gelýärin.Asyl kärim manikýur dizaýneri.Aksessuarlary ýasap gördüm welin, bolýan ýaly.Toý bulgurlaryna surat salyp ugradym olam şowlady gidiberdi, indem zenan torbalaryna geçdim!

Möwsümde ýoň bolan asma, bagsyz torbalary, edil olaryň materialyndan bileziklerem ýasaýaryn.Alajadan ýasan torbalarymam bar -- diýip, ol guwanç bilen gürrüň berýär.Haldurdy Dowodow hormatly dynç alyşa çykandan soň ammarda ýatan byçgyjygyny ele alyp, agaja nagyş salyp ugrady.

Bu iş ony şeýle bir özüne çekdi welin, ol owadan bezegli dürli gutujyklary, süýji-köke mejimejiklerini, desmalgoýarlary ýasap başlady.Haldurdy olary milli göllerdir ritonlar bilen bezeýär we el işlerini dost-ýarlaryna sowgat berýär.

Anna Gorýaýewa gurama usulynda çeper ýorganlary tikmegiň ussady.Ol: Adatça, alyjylar meniň işlerimi dessine almaýarlar-da, olara kän syn edýärler, bahaladýarlar-da, gidýärler.Indiki art-bazarda welin göwnüne ýaran zadyny satyn almaga gelýärler.

Dogram edýärler, çünki şeýle zady almazdan öň ýagşy ölçerip-dökmeli ahyryn -- diýip öz pikirini beýan edýär.Jennet Artykowa üýtgeşik zatlaryň baýramyna okuwçy gyzjagazlaryň hökmany dakynýan saçbaglar toplumyny taýýarlapdyr.

Olaryň arasynda her gün dakylýan ýaşyl -- ýönekeýleri-de, syk matadan tikilen ak--ýaşyllary-da, baýram-dabaralar üçin ýeňiljek gül şekillileri-de bar.Olaryň käbirine dür düwmejikler dakylypdyr.Jennet ýüpek sapaklardan gulakhalkalary, kolýeleri, saça dakylýan aýlawçalary üýtgeşik usulda we owadan edip ýasamagy başarýar. ...

Akkordeonçy dynç almak üçin sazyny goýan dessine birden Happy Birthday to You aýdymy ýaňlandy.Döredijilik boýunça kärdeşleri Maýa Serhenowany doglan güni bilen gutlap, oňa bagt arzuwlap perişdejigiň heýkelijigini we bolçulyk arzuwlabam gutujyk sowgat berdiler...

Aslynda art-bazar kiçijik Gündogar bazaryny ýada salýar.Bu ýerde diňe bir söwda edilmäni, eýsem adamlar öz bilýänini beýlekiler bilen paýlaşýarlar, işewür gatnaşyklar ýola goýulýar, dostlaşylýar, üýtgeşik pikirler döreýär we olar durmuşa geçirilýär... Ýene-de art-bazar ylham, keýpiçaglyk we göwnaçyklyk meýdany, joşgunly döredijilik zehinleriň gabatlaşýan ýeri.

Ýene degişli makalalar

Pariže türgenler we olimpiýa toparlary gelýärler
1-nji oktýabr halkara kofe güni
Luizianada ýangyn tutaşdy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümlerde 15 adam ýogaldy
FIFA Dünýä Kubogy 2026-nyň logotipi görkezildi
Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portaly resmi taýdan işe başlady