“Arsenalyň” uly hasaply ýeňşi

UEFA Ýewropa ligasynda çärýek finalyň jogap oýunlaryndan soň ýarym finala çykan toparlar belli boldy. Öz meýdançasynda 1-1 oýnan “Arsenal” myhmançylykda “Sparta Praganyň” derwezesinden 4 jogapsyz gol girizdi. Gollary Pepe (18), Lakazett (21 p, 77) hem-de Saka öz atlaryna ýazdyrdylar.

1-nji oýunda 2-0 ýeňiş gazanan “Mançester Ýunaýted” Angliýada hem şol hasap bilen “Granadadan” üstün çykdy. Gollary Kawani (6) bilen Walleho (90 ö.d.) derwezä girizdi.

“Wilýarreal” hem öz meýdançasynda-da “Dinamo Zagrebi” ýeňmegi başardy. Alkaser we Žeraryň gollary bilen 2-1 utdy. Toparyň tälimçisi Unaý Emeri bu ligada 6-njy gezek ýarym finala çykyp, rekord goýdy.

Bir hepde ozal Amsterdamdan ýeňiş bilen dolanan “Roma” Rimde “Aýaks” bilen 1-1 (Jeko 72 Brobbi 49) deňme-deň oýnap, ýarym finala adyny ýazdyrdy.

29-njy aprelde we 6-njy maýda oýnaljak ýarym finalda “Mançester Ýunaýted” bilen “Roma”, “Wilýarreal” bilenem “Arsenal” duşuşarlar. Unaý Emeriniň ozalky topary Arsenalyň garşysyna nähili oýun görkezjekdigi eýýämden köpleriň üns merkezinde.

The post “Arsenalyň” uly hasaply ýeňşi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

965 million dollarlyk final we haýsy teleýaýlymlarda görkeziler
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
Ýewropanyň Çempionlar ligasynda ähli çärýek finalçylar belli boldy
Transfer täzelikleri
Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri
Ýewropa ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jübütleri kesgitlenildi