“Arsenalyň” 14-nji FA Kubogy

Dünýäniň iň gadymy futbol bäsleşigi bolan Angliýanyň FA Kubogyny Londonyň “Arsenal” topary eýeledi.Topçular “Wembley”-de oýnalan finalda şäheriň beýleki topary “Çelsi” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 5-nji minutynda “Çelsi” Kristian Pulişiçiň goly bilen öňe saýlandy.

Oýnuň 28-nji minutynda eminiň bellän penalti urgusyny Pier-Emerik Obameýang dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi.Duşuşygyň 67-nji minutynda ýene-de Obameýang owadan gol bilen “Arsenaly” 21 öňe çykardy.

Oýnuň 73-nji minutynda 2-nji sary kartyny alan Mateo Kowaçiç meýdançadan çykaryldy. Şeýlelikde, “Arsenal” 21 hasabynda ýeňiş gazanyp, 14-nji gezek FA Kubogyny eýeledi.Bu ugurda 1-nji hatarda barýan “Arsenal” soňky gezek 2017-nji ýylda-da “Çelsini” 21 hasabynda ýeňipdi.

Mikel Arteta “Arsenalyň” taryhynda hem oýunçy, hemem tälimçi hökmünde FA Kubogyny ilkinji şahsyýet boldy.

Ýene degişli makalalar

Çelsi 11 futbolçysyny satlyga goýdy
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
“Arsenal” 61 ýyllyk antirekordyny gaýtalady
IFFHS Günorta Amerika we Afrikada soňky onýyllygyň ýygyndylaryny saýlady
Southempton 8-0, Arsenal bilen Aston Willa 6-0 ýeňdi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar