“Arsenalyň” 100 million funtluk täze transferi

Angliýanyň çempionaty “Premier Liganyň” wise-çempiony “Arsenal” Londonyň beýleki klubundan, köne bäsdeşi “West Hamdan” Deklan Raýsy rekord baha transfer etdi.Topçular 24 ýaşyndaky iňlis ýarymgoragçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Arsenal” topary Raýsyň transfer tölegi hökmünde-de “West Hama” 100+5 million funt sterling tölemeli bolar. Şunlukda, Raýs “Premier Liganyň” taryhyndaky iň gymmat 2 iňlis futbolçynyň biri boldy.

Ol bu ugurda rekordy 100 million funt sterlinge “Aston Willadan” “Mançester Sitä” geçen Jek Griliş bilen paýlaşýar.

Deklan Raýs täze klubunda 41-nji belgili köýnekçäni geýer. Karýerasyna “West Hamda” başlan Raýs bu toparda 7 möwsümde 245 oýunda 15 gol geçirdi. Raýs bilen “Mançester Siti” hem gyzyklanypdy.

Ýene degişli makalalar

“West Ham” ýeňlişsiz ýeňiji
Ýanwar Aýynda 20 Ýurda Bal Eksport Edi
Dubaýyň dünýäde iň gowy jahankeşdelik ugry bolandygy habar berildi
Iskederiň Sarkofagy
Türkiye ýylyň ilkinji 4 aýynda 20 ýurda ançous eksport etdi
Dubaý ýene-de syýahatçylyk rekordyny täzeledi