“Arsenala” ne döw çaldy?!

HABAR / SELJERIŞ

Arsen Wengeriň 22 ýyllyk tälimçiliginden soň, özüni dürsäp bilmeýän “Arsenal” edil ezeli bäsdeşi “Mançester Ýunaýtediň” Aleks Fergusondan soň ýüzbe-ýüz bolan şowsuz günlerini başdan geçirýän ýaly. Klub UEFA Ýewropa ligasynda ähli duşuşygynda ýeňiş gazanyp, ýoluny säwliksiz dowam etse-de, çempionatda juda ýowuz günleri başdan geçirýär. Yzly-yzyna ýeňlişler, antirekordlar hasaba alynýar…

Aslynda toparyň häzirki tälimçisi Mikel Arteta bilen “Arsenalyň” arasyndaky gatnaşyk juda şowly başlapdy.Wengerden soň tälimçi bellenen ispaniýaly Unaý Emeriniň ýolbaşçylygynda topara garaşylyşy ýaly netije görkezmek başartmady.

Geçen möwsümiň 20-nji tapgyryndan soň Emeriniň ornuna wezipä bellenen Mikel Arteta londonlylar üçin täze umyt bolup görünýärdi.Topar 12-nji basgançakda barýarka tälimçi bellenen Artetanyň ýolbaşçylygynda “Arsenal” möwsümi 8-nji ýerde tamamlady.

Möwsümiň ahyrynda gazanylan FA Kubogy-da janköýerleri gelejekki günler, hatda, ýyllar üçin has-da umytlandyrypdy.Her näme-de bolsa, “Arsenalda” oýnan Arteta watandaşy Pep Guardiolanyň hem kömekçisi bolup, tälimçiligiň syryny ussatdan öwrenipdi.

Hatda topar täze möwsüme-de ilkinji 4 tapgyryň 3 oýnunda ýeňiş gazanyp, şowly başlap, diňe soňky çempion “Liwerpuldan” asgyn gelipdi. Ýöne näme bolan hem bolsa, şowsuzlyklar 5-nji tapgyrda, köne halypasy Pep Guardiolanyň tälim berýän “Mançester Sitiden” 1-0 utulmagyndan soň başlaýar.

Soňky tapgyrda öz meýdançasy “Emirates” stadionda şol hasap bilen “Lester Sitiden” asgyn gelýär.

7-nji tapgyrda “Mançester Ýunaýtedi” “Old Traffordda” 14 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňip, yzly-yzyna alnan ýeňlişleri unutdyrýar.Hatda şol döwürler hem hemme zat gül-ala güllük ýaly görünýärdi.

Topçular 8-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Aston Willadan” 3-0 utulýar. “Lids Ýunaýted” bilen golsuz deňlikden soň, ýene-de Londonda “Wulwerhemptondan” 2-1 ýeňilýär. 11-nji tapgyrda London derbisinde ezeli bäsdeşi “Tottenhamdan” hem 1-0 utulan “Arsenal” bir hepde soň, “Emirates” stadionynda aşaky orunlarda barýan “Braýtondan” Pier-Emerik Obemeýangyň awtogoly bilen ýeňilýär.

Bu ýeňliş “Arsenalyň” öz meýdançasyndaky yzly-yzyna 4-nji ýeňlişi bolýar.Olaryň soňky sapar şeýle şowsuzlygy mundan 61 ýyl ozal hasaba alnypdy. Ýagny topçular 1959-1960 möwsüminde yzly-yzyna öz meýdançasynda, şol wagtky taryhy “Highbury” stadionynda ýeňlipdi.

Häzirki wagtda 15-nji basgançakda barýan “Arsenala” 10 günüň dowamynda biri-birinden kyn duşuşyklar garaşýar. Şu gün ilkinjisi “Southempton” bilen boljak oýunlaryň soňky 2-si “Ewerton” we “Çelsi” toparlary bilen geçiriljek duşuşyklardyr.

Bu duşuşyklar bolsa, tälimçi Artetanyň topardaky ykbalyny kesgitlär.Belki-de has ir, uly umytlar bilen bellenen we başlangyçda şowly çykyşlar hem görkezen Artetanyň wezipeden boşadylmagy mümkin.Muny bolsa wagt görkezer…

The post “Arsenala” ne döw çaldy?! appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok
Täze tälimçiler
Ýeke gol hem geçirtmedi
120-nji möwsüme badalga berler
Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Çelsi”