Arsenal arany açýar

Arsenal arany açýar

Bu gün Angliýanyň premýer-ligasynda 10-njy tapgyryň birnäçe oýunlary geçirildi.Tapgyryň merkezi oýunda Liwerpul Mançester Sitini myhman alyp, Muhammed Salahyň 76-njy minutdaky goly bilen minimal hasapda ýeňiş gazandy. Ýeri gelende, Mançester Sitiniň özara oýunlarda bassyr bäşinji gezek Liwerpuly ýeňip bilmändigini bellemek gerek. Şeýle-de şu gün Arsenal myhmançylykda Lidsi Bukaýo Sakanyň 35-nji minutdaky goly bilen 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, birinji ýerdäki Arsenal ikinji orundaky Mançester Sitiden aralykdaky utuk tapawudyny 4-e çykarmagy başardy.

Mundan başga-da, şu gün bolan oýunlarda Mançester Ýunaýted öz öýünde Nýukasl bilen 0:0 hasabynda deň oýnan bolsa, Çelsi Mauntyň 6-njy we 65-nji minutlardaky gollary bilen myhmançylykda Aston Willadan 2:0 hasabynda rüstem geldi.

Tapgyryň ýene bir esasy oýnunda düýn Tottenhem öz öýünde Ewertony 2:0 hasabynda (Gollar: Keýn 59 p, Hýoýberg 86) ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Ýene degişli makalalar

Arsenal birinjiligi elden bermedi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
APL: Nýukasl ikinji orna geçdi
Çelsi ýene-de ýeňildi
APL-yň 22-nji tapgyry Keýniň ýubileý goly bilen tamamlandy
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda