“Arsenal” 61 ýyllyk antirekordyny gaýtalady

Angliýanyň çempionatynda “Arsenalyň” şowsuz çykyşy dowam edýär. “Premier Liganyň” 12-nji tapgyrynda “Býornliden” 1-0 utulan “Arsenal” yzly-yzyna öz meýdançasynda 4-nji gezek ýeňildi.Topar şeýle netijäniň soňky gezek 1959-1960 möwsüminde görkezipdi. 58-nji minutda bir oýunçysy (Granit Džaka) gyzyl kart alan “Arsenalyň” derwezesinden ýeke-täk pökgini 73-nji minutda toparyň meşhur hüjümçisi Pier-Emerik Obameýang ýalňyşlyk bilen öz torundan girizdi. 13 utugy bolan “Arsenal” 15-nji orna düşdi.

The post “Arsenal” 61 ýyllyk antirekordyny gaýtalady appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyz oýunçy 10 ýyldan soň Fransiýa dolandy
Ýyldyz oýunçy Ýewropa bilen hoşlaşdy
IFFHS Günorta Amerika we Afrikada soňky onýyllygyň ýygyndylaryny saýlady
Southempton 8-0, Arsenal bilen Aston Willa 6-0 ýeňdi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)