
Aktýor Arnold Şwarseneggeriň ogly Jozef Baena Called to Duty filminde baş keşbi janlandyrdy diýip, TMZ neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Film 1-nji iýulda akymlaýyn platformalarda we kabel teleýaýlymda görkeziler.
Ýorduma görä, Birleşen Ştatlara gizlin ada-döwlet tarapyndan ballistiki ýaraglaryň atylmak howpy abanýar. Munuň öňüni almak üçin saýlama uçarman gyzlaryň topary we leýtenant Endrýu Harris göreşmeli, Harrisiň keşbini Baena ýerine ýetirýär.