
Golliwudyň meşhur aktýory Arnold Şwarsenegger baş keşbi janlandyran filmleriniň arasynda iň halaýany barada aýtdy.
Ýyldyzyň muşdaklaryny geň galdyran zat bu film Terminator ýa-da şoňa meňzeş jenjelli filmleriň biri hem däl. Onuň iň halaýan filmi Çagalar bagynyň polisiýasy kinokomediýasydyr.
Ýeri gelende aýtsak, bu film 1990-njy ýylda surata düşürildi. 15 million dollar çykdajy edilen film 200 million dollar gazandy.