Arkadagyň ýasama ykdysady we syýasy paýhaslylygy

Rafael Sattarow “Türkmenistanyň Hronikasy” üçin

Üç ýyl mundan ozal Carnegie.ru saýtynyň baş redaktory Aleksandr Baunowyň makalasyny okap, men häzirki zaman postsowt ýolbaşçylarynyň aýdyň häsiýetnamasyny tapdym.

Ozalky SSSR ýurtlarynyň häzirki prezidentleri aglaba ýagdaýda galp filosoflar we taryhçylar bolup durýar.Baunowyň pikirine görä, haçanda ňprezident ykdysatçy däl-de, taryhçy bolanda, ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümi artdyrmak, salgyt salmak, indeksler we reýtingler baradaky gürrüňler geçmişde kim kimiň göwnüne degdi we kime peýda etdi, serhetleriň çekilişi dogrymy, etnoslaryň taryhy ykbaly we täleýi nähili, onsoň milli ruhuň artykmaçlygy nämede, kimiň taryhy watany we gadymy paýtagty nirede, kim kimi çokundyrdy, şu ýyl haýsy söweşiň ýyl dönümi, ýa-da biz ata-babalaryň beýik şöhratyna mynasypmy diýen ýaly gürrüňler bilen çalşyrylýar.

Türkmenistan tebigy baýlyklary we geografiki ýerleşişi taýdan ägirt uly mümkinçiliklere we serişdelere eýe bolan ýurt, emma ol iki sany düýpden akylsyz ýolbaşçysynyň “akyldarlygy” zerarly kadaly ösüş mümkinçiligini ýitirdi.

Edil öňki prezident ýaly, Arkadag hem geçmiş we häzirki zaman hakynda akyl satmagy gowy görýän “akyldar we taryhçy” bolup durýar.Onuň syýasy tussaglaryň ykbaly, Şyhmyradow dirimi ýa diri däl diýen soraglary halamazlygy we olardan öýkelmegi şu ýerden gelip çykýar. Ýörite gulluklaryň gözi gyzaran wekilleriniň aýlyklaryny köpeltmäge ýa-da “Aziada” atlandyrylan akyla sygmajak aksiýa däl-de, saglygy saklaýyşyň ösdürilmegine gönükdirilmeli ägirt uly serişde nirä gitdi?

Meniň Özbegistanyň döwlet edarasynda işleýän aşnam Türkmenistana iki gezek baryp görüp, maňa ýazan makalam sebäpli igesini sürtdi: “Sen Forbs üçin makala ýazyp, ýurtda azyk krizisi döredi diýýärsiň, emma men Aşgabatda düýpden başga ýagdaýy ak mermerli owadan arhitekturany, paýtagtyň merkezinde supermarket gördüm, myhmanhanada bolsa ustrisa iýdim”. “Sen bu zatlaryň baryny nädogry ýazypsyň, ýa-da syýasy “tabşyrygy” ýerine ýetiripsiň” diýip, dostum aýtdy.

Men oňa düşünýärin, ýurduň durmuşyna kaşaň mnyhmanhananyň içinde oturan ýeriňden baha bermek ýakymly, sen ýurduň parasatly hökümdaryň dolandyryşy astynda gazanan ajaýyp üstünliklerini azarsyz-bizarsyz saýgarýarsyň.Emma ýerli ýaşaýjylar bilen gürleşmek we olardan interwiýu almak, soň olaryň beren gürrüňni analizlemek biraz çylşyrymly.

Meniň Türkmenistanyň özünden, biri Balkandan, beýlekisi Aşgabatdan bolan dostlarymyňky has-da kyn, sebäbi olar hatda feýsbukda hem dostluk sanawyna girmek islemeýärler, çünki gorkýarlar, näme üçin diýseň, meniň sahypama Arkadagyň ýörite gulluklary gözegçilik edýär.

Türkmençe Crony capitalism

Türkmenistanyň häkimiýetleri häzir özleriniň “Ikinji Kuweýt” baradaky badyhowa wadalaryny ýatlamakdan gorkýarlar. Mälim bolşy ýaly, şonda “Ikinji Kuweýte” garaşmagyň hatyrasyna köpler öz azatlygyny pida bermäge hem-de il ortalaýyn Saparmyrat Nyýazowyň elini ogşamak masgaraçylygyna taýyn boldular.

Häzir Türkmenistan dünýäniň 90-njy ykdysadyýeti, ykdysady görkezijileriniň çylşyrymlylygy boýunça bolsa (Economic Complexity Index ECI) bu ýurt 123-nji orunda ýerleşmek bilen, Efiopiýa bilen Yragyň aralygynda durýar. 2015-nji ýylyň maglumatlary bu ýurduň $8.94 milliardlyk haryt eksport edendigini, $5.54 millardlyk harydy import edndigini, ýagny $3.4 millard möçberinde oňyn söwda balansyny gazanandygyny görkezýär.

Başga maglumatlar ýurduň 2016-njy ýyldaky eksportynyň $8.756 milliard bolandygyny, şol bir wagtda 2015-nji ýylda bu görkezijiniň $10.38 milliard bolandygyny görkezýär.

Türkmen harytlarynyň esasy bazary Hytaý, bu ýurda $7 milliardlyk eksport edilipdir, soň Owganystan $549 million, Türkiýe 542 million.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň importynda Türkiýe birinji otunda durýar ($1.85 mlrd), ikinji orunda Russiýa gelýär ($843 mlrd), HHR ($813 mlrd), germaniýa ($329 mln).

Uglewodorod serişdeleriniň dünýä bahasynyň peselmegi býujete pul gelmesini azaltdy, milli walýutanyň hümmetiniň gaçmagyna hem-de ýurduň halkara maliýe edaralarynyň öňnüdäki kredit ukybyny ýitirmegine getirdi. Elbetde, häkimiýetler üçin bu günki günde hiç bir krizis ýok, ähli problemalar (eger-de olar Arkadaga görünýän bolsa, elbetde) diňe dünýä ykdysadyýetindäki amatsyz ýagdaýlar bilen baglanyşykly.

2016-njy ýylyň ýanwaryndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň (MB) görkezmesi esasynda walýuta alyş-çalyş nokatlarynda walýuta satmak bes edildi. 2016-njy ýylyň iýulynda MB-nyň 25-nji iýuldan ähli telekeçiler we guramalar üçin walýuta konwertasiýasyny ýapandygy barada maglumat peýda boldy.

Indi diňe ýurduň prezidenti ýörite karar esasynda banka ol ýa-da beýleki kärhana, diňe döwlet proýektleriniň çäginde, milli walýutadaky serişdäni konwertasiýa etmäge ygtyýar berip biler.

2016-njy ýylyň noýabrynda ýurtda azyk krizisi başlandy we bu ýagdaý Türkmenistanyň ykdysady modeliniň çökendigi belli boldy. Emma häkimiýetler mäseläni çözjek bolamgyň we ilata krizisiň sebäbini düşündirmegiň deregine azyk dükanlarynyň tekjelerindäki arzan harytlary güjeňleýän reportažlar bilen telewizion propaganda gurnadylar. Onsoň Türkmenistanda bu günki gün “Ikinji Kuweýt” däl-de, “Ikinji Wenezuela” diýseň, has ýerine düşer.

Halkara walýuta fondunyň (HWF) krizise we türkmen ykdysadyýetiniň depginiň haýallamagyna nebitiň we tebigy gazyň bahasynyň arzanlamagy, Orsýetdäki çökgünlik, Hytaýyň ykdysadyýetiniň gowşamagy we ABŞ dollarynyň kursunyň düýpli ýokarlanmagy sebäp boldy diýip ýaýradan pres-relizi gülkünç.

Dünýä ykdysadyýetindäki amatsyz ýagdaýlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine täsir ýetirýän-de bolsa, beýle güýçli täsir ýetirmeýär, sistemalaýyn dolandyryş krizisi ýurduň öz içinde. Türkmenistanyň dolandyryjy gatlagy bozulan we ýurdy we onuň tebigy serişdelerini dolandyrmagy başarmaýar.

Tutuş ýurt, onuň institutlary, propaganda maşyny, kanunlary, polisiýa, ýörite gulluklar halk üçin işlemeýär, eýsem prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň göwnüni awlamak jan çekýär. Bu günki gün ol we onuň daş-töweregi ýurduň sosial-ykdysady durmuşyndaky heläkçilikli ýagdaý üçin gönüden-göni jogapkär bolup durýar.

Aleksandr Etkindiň kesgitlemesine görä, Türkmenistanyň ykdysady modelini zähmete garaşly däl-de, mugthorçulykly serişdä garaşly döwlet hökmünde häsiýetlendirmek mümkin.Etkindiň pikirine görä, zähmete garaşly ykdysadyýetde abadançylygyň ilatyň işinden başga çeşmesi ýok.

Bu hili ykdysadyýetde aksioma işleýär: “Gymmat zähmet bilen döredilýär”.Onda, eger-de wekilçilik bolmasa, salgyt salmak ýok. Çig mal ýa-da mugthorlyk ykdysadyýetinde demokratiýanyň bu hili baş ýörelgesi işlemeýär, sebäbi döwlet salgytlara-da, wekilçilige-de garaşly däl (ol töleglere garaşly).

Eger-de zähmete garaşly döwletiň ilaty esasy milli baýlyk bolsa, serişdä garaşly döwletde ilat artykmaç bolýar.Hut şu hili ýagdaý hem öz gezeginde Türkmenistanda daralýan içerki bazarly we o diýen yzygiderli bolmadyk hem-de öňünden çaklap bolmaýan ykdysady syýasat netijesinde “paýlap berme görnüşindäki ykdysadyýetiň” kemala gelmegine getirdi. Şu sebäpden ýurtda tejribeli kadrlara we olaryň erkin ösmegine gadyr goýulmaýar, has-da beteri, işsizligiň derejesi ösýär we resmi däl hasaplamalara görä, ol bu gün Türkmenistanda 50% çemesinde dur.

Türkmenistandaky ykdysady ýagdaý mundan aňryk hem ýaramazlaşar, sebäbi ýurduň häkimiýetleriniň häzirki ýolbaşçylarynyň bar umydy reformalada we döwrebaplaşmada, kiçi we orta telekeçiler üçin şertleri ýeňilleşdirmede däl-de, eýsem nebit-gazyň bahasyny gymmatlatmakda, Hytaý we Orsýet tarapdan kredit almakda. Döwlet apparatynyň arasynda inisiatiwalylyk ýok edilen, ähli umyt ýagdaýa degerli reaksiýa bildirmekde we bu hemişe o diýen oýlanyşykly däl.

Režim döwrebaplaşmak mümkinçiligini ýitirdi, munuň üçin amatly şertler ýok. Kardlary intellektual taýdan ýetişdirmek üçinem şert ýok, döwlet apparatyna çeýeje, uýgunlaşmaga we neo-feodal awtoritaizm oýnunyň düzgünlerini kabýul etmäge týýar lepbeýgulylar barýar.

Indi näme bolar?

Berdimuhamedowyň režimi 2008-nji ýyldan bäri, haçanda häkimiýetler ilat üçin ýeňillikler ulgamyny kemeldip başlanlarynda, ykdysady plandaky çelgilerini ýitirdi. Mysal üçin, 2013-nji ýylda mugt berilýän gazyň we elektrik togunyň möçberi kemeldildi (adam başynda aýda 35 kWt/s. bolanlygyndan 25 kWt/s. çenli).

Şeýele-de häkimiýetler ýük maşynlarynyň, traktorlaryň we awtobuslaryň eýeelrine paýlanýan benziniň kwotalaryny ýatyrdylar.

Häzirlikçe Türkmenistanyň resmi adamlarynyň krizise garşy programmanyň üstünde işlemek baradaky beýanatlary real syýasy-ykdysady strategiýanyň däl-de, eýsem täze ideologiki önümiň daşynda aýlanýar.

Ýurtda zähmet öndürijiliginiň derejesi pes we kärhanalaryň tehniki taýdan abzallaşdyrylyşy ýaramaz.Munuň sebäbi döwletiň çişirilen sosial kepillikleri.Rus oligarhy Alişer Usmanow bir gezek zähmet öndürijiligi ýaramaz işlenilýändigi üçin pes däl diýipdi.

Sosial orintasiýaly biznesiň onlarça müň adama aýlyk töleýän eýeleri pes territorial mobilligi we işgärleriň ortaça ýaşynyň ýokary bolan şertlerinde çalasyn döwrebaplaşma çalyşmagyň çatakdygyna düşünýärler, sebäbi köp adamyň işini ýitirmegi mümkin.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durgunlaşmagy ol ýerdäki işçileriň ýa-da telekeçileriň ýaramazlygy sebäpli döremedi, eýsem döwletiň öz üstüne aşa kän borçnama alandygy üçin döredi, şu sebäpli-de, özüniň netijesizdigini görkezen sosial kepillikleriň köpüsi, häkimietleriň sosial gozgalaňdan gorkusy üçin, ýok edilmeýär.

Hut şu çişirilen sosial kepillikler hem mazar ykdysadyýeti modeline geçilmegine böwet boldy. “Parasatly” Arkdag şeýle diýdi: “Ozal, garaşsyzlygyň başky ýyllarynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen kabul edilen kanunlary ýuwaş-ýuwaşdan çalyşmak gerek, şonda ýurduň raýatlaryna köp sanly ýeňillkler berlipdi. Ýöne bu günki gün biziň halkymyzyň durmuş derejesi örän ýokary we indi bu ýeňillikler bazar ykdysadyýeti modeline geçmekde päsgelçilik döredýär”.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň energiýa resuslarynyň bahasynyň gymmatlamagy babatdaky umydy hem türkmen ykdysadyýetini çökünlikden çykarmaz, sebäbi ýurduň Hytaýa bolan garaşlylygy ýokarlanýar. Şu günki günde HHR türkmen gazynyň ýeke-täk iri alyjysy bolup durýar. Bu garaşlylyk diňe güýçlener, uglewodorod serişdeleriniň bahasynyň uzak wagtlap pes bolmagy netijesinde bolsa, ýurduň içindäki sistemalaýyn krizis barha ýokarlanmak bilen bolar.

Iň beteri-de, Türkmenistandaky režim gaýtadan has ýokary hilli adam kapitalyny-da öndürip bilmeýäer we onuň içinden Pak Çon Hi ýa-da Li Kuan Ýu derejesindäki awtoritar syýasatçynyň çykjagy örän gümana. Ýöne muňa garamazdan, režimiň synmagy ýa dargamagy barada gürrüň ederden ir. Demirgazyk Koreýanyň ideologiki tagallary zalym hökümdarlygyň nähili aýylganç durnukly bolup bilýandigini görkezýär.

Hakykatda ýürek bulanjy şahsyýet kulty syýastyna daýanýan çüýrük režim resurs bolmasa-da, düýpli ykdysady reforma geçirmezden, sosial we içerki syýasatynda uly özgerişlik döretmezden hem ýaşap we saklanyp biler.

Munuň üçin Demirgazyk Koreýanyňky ýaly birsydyrgynlyk gerek, bu hili ýagdaýda ykdysady reforma we döwrebaplaşmak, azatlygyň derejesini ýokarlandyrmak we ýurduň içinde düýpli özgerişlik geçirmek wajyp däl.Bu hili bolanda Türkmenistanyň režimine has kän kaşaňlyk we öwünjeňlik, has uludan tutulýan dabara-şowhunlar hem-de barha çalt garyplaşýan ilatyň garşysyndaky emeldar baýlaşmasy gerek bolar.

Ýene degişli makalalar

Aragatnaşyk ministrine käýinç berlenden soň “Türkmentelekom” wagtlaýyn internetiň nyrhlaryny arzanlatdy
Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlyk edýän hukuk goraýjylary yzarlaýan ýurtlaryň hataryna girdi
Britan DIM-i Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulaşmandygyny aýdýar
'Durgunlyga düşen' Türkmenistan Ykdysady azatlykda yzdan 12-nji boldy
Freedom House: Dünýäde demokratiýa “barha pese gaçýar”; Türkmenistan "erbetleriň erbedi"
OPEC ýurtlary we hyzmatdaşlary nebit önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmagy ylalaşdylar