Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmegi boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýar, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek babatda ägirt uly mümkinçilikleri açylýar.Bu strategik ähmiýetli halkara ugruň häzirki şertlerde dikeldilmegini baş wezipe hökmünde kesgitlän Türkmenistan özüniň ulag diplomatiýasyny bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde işjeň peýdalanýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tassyklan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň dowamynda amala aşyrylan daşary syýasy çäreler hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar.
Eýýäm 2018-nji ýylyň başynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinden hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň (BMG-niň ÝYK) 22-nji fewralda geçiren 80-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistany bu Komitetiň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüdi biragyzdan kabul edildi.
Ýurdumyzyň BMG-niň bu abraýly düzümine saýlanmagy ulag diplomatiýasy ulgamynda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlaryna halkara bileleşiginiň belent ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bu wakanyň yzysüresi 23-nji fewralda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de goňşy Owganystanyň Hyrat şäherinde hormatly Prezidentimiziň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministriniň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan − Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga bermek, Türkmenistan − Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi.
Uzynlygy 1840 kilometre deň bolan gaz geçirijiniň doly ulanmaga berilmegi ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny taslama gatnaşyjy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegine, durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna hem-de energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam eder.
Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagy Türkmenistanyň Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasynda möhüm maglumat köprüsi bolmagyny üpjün eder.
Ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini pugtalandyrýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy serişdeleriniň arasynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar.Hormatly Prezidentimiz: Gadymy döwürlerde ýurtlary birleşdirýän hem-de halklary ýakynlaşdyrýan ýollary we köprüleri gurmagy sogap iş hasap eden türkmen halky bu däbi mynasyp dowam edýär diýip belleýär.
Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän hem-de Garaşsyz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini artdyrýan bu ýollar Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm halkara geçelgesine öwrüler.
Şu ýylyň 26-njy fewralynda Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenabat şäherinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Täze howa menziliniň desgalary 600 gektara deň bolan giň meýdanda ýerleşip, onuň terminallarynyň binasy guşuçar belentlikden Oguzhanyň ýyldyzy keşbinde görünýär.
Bu binägärlik keşbi üçin Türkmenabadyň Halkara howa menziline Ginnesiň rekordlar kitabynyň degişli güwanamasy gowşuryldy.Täze howa menziliniň işe girizilmegi bilen uçuşlaryň çäklerini giňeltmek, üstaşyr gatnawlary kabul etmek we olara netijeli hyzmat etmek, şeýle hem, Aziýany we Ýewropany birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegine öwrülmegi babatda doly mümkinçilikler açylýar.
Owgan halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem-de ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine we durnukly ösüşine iş ýüzünde kömek bermäge gönükdirilen tagallalar dünýä bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylýar. 2018-nji ýylyň 8-nji martynda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanda halkara tagallalary goldamak barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.
Bu barada hormatly Prezidentimiz: BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan Howpsuzlyk Geňeşiniň bu möhüm resminamasynda biziň ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek boýunça amala aşyrýan çärelerine aýratyn orun berilýär.
Hususan-da, Howpsuzlyk Geňeşi öňe sürlen başlangyçlaryň esasynda sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça mundan beýläk-de tagallalary etmegi goldady we ähli ýurtlary bu ugurda zerur işleri amala aşyrmaga tutanýerli çagyrdy diýip belledi.
BMG-niň örän wajyp edaralarynyň biri bolan Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary Owganystany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky tagallalary, aýratyn hem türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny, goňşy Owganystana barýan demir ýoluň çekilmegini, şeýle hem ýurdumyzyň Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazurit) üstaşyr söwda we ulag geçelgesini döretmek babatdaky tagallalaryny ýörite resminama arkaly goldadylar.
Bellenip geçilen iri taslamalaryň hataryna halkara elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmegiň taslamalary hem girýär.Döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynda goňşy Owganystan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň mart aýynda Kuweýt döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) amala aşyran resmi saparlarynyň dowamynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ýene bir ähmiýetli ugurlarynyň biri bolan Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde hem-de ýokary derejä çykarmakda täze tapgyry alamatlandyrdy.
Geçirilen ýokary derejedäki türkmen-kuweýt we türkmen-emirlikler gepleşikleriniň barşynda ýurtlaryň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini hem-de köpugurly ulaglar ulgamyny kemala getirmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk serişdeleriniň hem-de himiýa senagatynyň önümçiligi we beýleki birnäçe pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
2018-nji ýylyň 27-28-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň netijeleri hem nusga alarlykdyr. Bu sapar asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostlugyň we doganlygyň, özara hormat goýmagyň däplerine esaslanýan iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyra öwrüldi.
Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika we nebit-gaz çig malyny gaýtadan işlemek ulgamlarynda, oba hojalygy, gurluşyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan Eýran bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Şunda onuň anyk netijeleri hökmünde, ilkinji nobatda iri ulag-üstaşyr taslamalaryny mysal getirip bolar.Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň bu ugurdaky bilelikdäki işleri Durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelmek bilen, milli we sebit bähbitlerini öňe ilerletmekde uly ähmiýete eýedir.
Iri halkara taslamalaryň hatarynda doganlyk ýurtlaryň özara tagallalarynyň netijesinde Demirgazyk − Günorta ugry boýunça gurlan Gazagystan Türkmenistan Eýran demir ýoly goňşuçylygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň miwesidir. Çünki iri möçberli halkara taslamalaryny diňe özara arkalaşykly we birek-birege ynamly hyzmatdaşlyk edýän doganlyk ýurtlar amala aşyryp biler.
Bu demir ýol tutuş Ýewraziýa giňişliginiň ulag aragatnaşygyna oňyn täsir etmek bilen, Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki portlardan hem-de Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmak mümkinçiligini döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda doganlyk ýurduň Lideri Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren gepleşiklerinde hem ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek esasy meseleleriň biri boldy. Ýurdumyzyň Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz ugry boýunça Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykmak üçin geçelgäni döretmek boýunça bilelikdäki işlere girişmäge taýýardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Özbegistana ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenaryndaky häzirki zaman port düzümlerini peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi. Şeýle hem, häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasyny Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ugratmagyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça işler geçirilýär.
Şu ýylyň 2-nji maýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap atly halkara maslahaty geçirildi.Onuň gün tertibine ulag we logistika ulgamynda, şol sanda port mümkinçiliklerini peýdalanmakda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň meseleler toplumy girizildi.
Türkmenistan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň tejribesi esasynda Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy boljak Modal ýoly döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär.
Forumyň dowamynda hormatly Prezidentimize Türkmenbaşynyň täze Halkara deňiz portunyň dünýäde deňiz derejesinden has pesde ýerleşýän iň uly port we portuň golaýynda döredilen adanyň dünýäde iň uly emeli ada hökmünde ykrar edilýändigini alamatlandyrýan Ginnesiň rekordlar kitabynyň hem-de beýleki halkara guramalarynyň we kompaniýalarynyň degişli sertifikatlary gowşuryldy.
Halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Jarnamada duşuşyga gatnaşyjylaryň döwletara we sebitara gatnaşyklara täze itergi bermäge, umumy ösüşiň bähbidine laýyk gelýän häzirki zaman dünýä ulag ulgamyny döretmek boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmäge bolan meýilleri öz beýanyny tapdy.
3-nji maýda bolsa, diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit ähmiýetli Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň taryhy açylyş dabarasy boldy.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu giň möçberli düzümleýin taslama Merkezi Aziýa sebitiniň we Hazar basseýniniň ähli ýurtlary üçin strategik ähmiýete eýedir. Çünki bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi biziň döwletlerimizi gatnaşyklaryň täze tapgyryna çykarar we olaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamynda işjeň goşulmagyny, Türkmenistanyň üstaşyr gatnaşyklaryň möhüm merkezi hökmündäki ornunyň pugtalanmagyny şertlendirer.
Täze deňiz portunyň umumy eýeleýän meýdany 1 million 358,5 müň inedördül metrden gowrak bolup, onuň ýük geçirijilik kuwwaty nebit önümlerini hasaba almanyňda, ortaça 17 million tonna barabar bolar.
Ol ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulaglaryna we 400 müň konteýnere hyzmat etmäge ukyplydyr.Gämileriň bu künjekdäki hereketine, ýük ýükleýiş we düşüriş işlerine hemra aragatnaşyk ulgamynyň we awtomatlaşdyrylan merkeziň kömegi bilen gözegçilik amala aşyrylar
2018-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy guramasynyň maksatnamasyna agza ýurtlaryň ýük gatnawlary we ekspeditorlary assosiasiýalarynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar, sebitiň ýurtlarynda hünärleri ýokarlandyrmak hem-de maksatnamanyň maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri girizildi.
Şeýle hem, şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesi boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Gatnaşyklar býurosynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilermenler duşuşygy geçirildi.
Şu ýylyň 22-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşiklerinde hem sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak esasy meseleleriň biri boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň noýabrynda Owganystan boýunça Aşgabatda geçirilen 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynda (RECCA VII) Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazurit) gol çekildi.
Aşgabatda şu gezek geçirilen gepleşiklerde hem bu taslamany durmuşa geçirmekde zerur bolan ulag-logistika mümkinçilikleri, hususan-da, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bilen Bakuwyň Alýat Halkara söwda portunyň mümkinçiliklerini ulanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesiniň hökümetara toparynyň (TRASEKA) geosyýasy giňişligi boýunça köpugurly awtomobil-parom, demir ýol-parom gatnawlaryny, logistika ulgamlaryny ýola goýmagyň, ýükleri özara ylalaşyk esasynda ýeňilleşdirilen şertler boýunça gatnatmagyň iki ýurt üçin hem bähbitli boljakdygyny nygtady.
Türkmenistan Azerbaýjanyň gatnaşmagynda amala aşyrylan Baku — Tbilisi — Kars demir ýolunyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, özüniň we üstaşyr ýükleriniň Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa eltilmegi bilen gyzyklanýar.Saparyň jemleri boýunça gol çekilen deňiz söwda gämi gatnawy, maglumatlary awtomatlaşdyrylan görnüşinde alyşmak, portlaryň arasynda ýük geçirmeleriniň mukdaryny artdyrmak, iki ýurduň portlaryndan deňiz ulagy arkaly geçýän halkara gatnawlary ösdürmek, halkara awtomobil ulaglaryny ösdürmek, iki ýurduň hökümetleriniň arasynda ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki iş toparyny döretmek hakynda jemi 6 sany Ylalaşyk, şeýle hem ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2019 — 2022-nji ýyllar üçin hökümetara Maksatnamasy bu ugurda anyk netijeli işlere girişmegiň hukuk binýadyny goýdy.
Şeýle hem, 2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda bolsa Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Lapis Lazurit Ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi.Bäştaraplaýyn ylalaşygyň çäklerinde geçirilen maslahat Lapis Lazurit halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge tarap ýolda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.
Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.
Ýakynda, şu ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häziriki zaman halkara gatnaşyklary atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda emele gelen ägirt uly ruhy miras dürli medeniýetleriň ýakynlaşmagyny, açyklygy we özara ynanyşmagy aňladýar. Şu nukdaýnazardan, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty bu ýörelgeleri berjaý etmegiň hakyky nusgasy bolup durýar.
Ýurdumyzyň tagallalary, şol sanda milli Liderimiziň häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistika merkezlerini ösdürmäge, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we netijeli syýasy gepleşikleriň esasynda ynsanperwer meselelerinde hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek babatdaky ähmiýetiň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan oňyn bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem tutuş Ýer ýüzüniň döwletleriniň bähbidine Açyk gapylar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, sebit we halkara derejesindäki iri taslamalaryň başyny başlap, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär. 2018-nji Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň dowamynda halkara giňişliginde üstünlikli durmuşa geçirilen ulag diplomatiýasy milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljege tarap ynamly öňe barýandygyny görkezdi.