Arkadagyň säheri halkara film festiwalynyň açylyşy gyzyl halydan geçmek bilen başlanar

Arkadagyň säheri halkara film festiwalynyň açylyşy gyzyl halydan geçmek bilen başlanar

Şu gün agşam Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän Arkadagyň säheri halkara film festiwalynyň açylyş dabarasy bolar.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda berilýän habara görä, dabara adatça, kino we teatr sungat işgärleriniň gyzyl halydan geçmegi bilen başlanar.

Film forumynda birnäçe filmleriň ilkinji görkezilişi bolar we döredijilik duşuşklary hem-de çykyşlar guralar. Meýilleşdirilen çäreleriň arasynda TRT-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan taýýarlanan gysga metražly filmleriň gala maksatnamasy bar.

Habarda bellenilişi ýaly, 15-nji oktýabrda paýtagtyň Aşgabat kinoteatrynda Köneürgenç we Paýtagt Merw: beýik Seljuklaryň yzlary taryhy filmleriň görkezilişi bolar. Görkeziliş 15:00-da başlanar.

Mundan başga-da film festiwalynyň maksatnamasynda Burak Özçiwitiň baş keşbi ýerine ýetiren Gurluş: Osman atly taryhy teleserialyň tanyşdyrylyşy bolar. Bu teleserialyň dürli möwsümleri surata düşürilende garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow keşp janlandyrypdy.

Biz ozal türkiýeli meşhur aktýor Burak Özçiwidiň Arkadag şäherinde geçiriljek halkara film festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 300 turnirindäki ýeňşi üçin 100 müň amerikan dollaryny gazandy
Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ilkinji ýedilige girdi
Burak Özçiwit türkmenistanly janköýerlerine salam iberdi
Türkmen howa ýollary Beýik Britaniýa bilen Wýetnamyň arasynda ýük gatnawlaryny amala aşyrar, Ak şäherim Aşgabat sergisi iki gün dowam eder, Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi we beýleki habarlar