Arkadagyň açylyşyna "Arkadagyň" özi gelmedi. Dabara mejbury çäreler bilen utgaşdy

Arkadagyň açylyşyna "Arkadagyň" özi gelmedi. Dabara mejbury çäreler bilen utgaşdy

Türkmenistanda milliardlarça dollarlyk Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mejbury çäreler, raýatlaryň adaty durmuşynyň togtamagy bilen utgaşdy. Ozalky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýundaky doglan gününe gabat geçirilen bu mejbury dabaralara ýüzlerçe býujet işgäri, dynç alyşdaky studentler dagy çekildi. Emma dabara şäheriň adyna lakamy dakylan uly Berdimuhamedow gatnaşmady.

Türkmenistanda gurluşyk pudagyna edilýän köp milliardalyk çykdajylar ýurtda dowam edýän ykdysady we maliýe krizisiniň ýitileşmegine, iş orunlarynyň kemeldilmegi netijesinde artan işsizlige gabat gelýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň golaýynda ýerleşýän, ýurduň çägindäki ilkinji “akylly şäheriň” açylyş çäresine prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, resmi media habar berýär. Maglumatda dabaralara “köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň” hem gelendigi bellense-de, olaryň şahsyýetleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Mundan bir gün öň, garaşylmadyk ýagdaýda, uly Berdimuhamedowyň 29-njy iýundaky 66-njy doglan gününi, ýagny şäheriň açylan gününi Saud Arabystanynda geçirjekdigi mälim edildi. Ýogsa ”döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy” boljak bu täze şähere onuň döwlet derejesinde tutulýan “Arkadag” ady dakyldy. Galyberse-de, ozalky prezident, adatça, giň gerimli döwlet çärelerini duşundan geçirmeýärdi.

Döwlet mediasynyň maglumatyna görä, Arkadagyň açylyş dabarasynyň çäginde “Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançada döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly kompozisiýasy ýaýbaňlandyryldy. Soňra “Arkadag” binasynyň açylyşy boldy, toý sadakasy berildi.

Döwletiň berk gözegçiligindäki media bu dabaralary giňden mahabatlandyrsa-da, Azatlygyň şäheriň açylyşynyň öňýany geçirilen giň gerimli mejbury ýowarlar baradaky habarlary barada hiç zat aýtmady.

Habarçylarymyz şäheriň töweregindäki ilatly punktlaryň diňe köçeden görünäýjek sebitlerinde arassaçylyk işleriniň geçirilendigini, jaýlaryň diňe öň taraplarynyň abatlanandygyny gürrüň berdiler.

Mundan başga-da, şäheriň açylyş dabarasyna Aşgabatdan we Ahaldan ýüzlerçe býujet işgäri mejbury gatnaşdyryldy. Olara öz hasaplaryna täze lybaslary almak tabşyryldy. Şeýle-de binalaryň içine ýerleşdirilen adamlara, birden prezidentiň girmegine taýýar bolmalydygy’ barada duýduryş berildi.

Gurluşygy 5 milliard dollar boljakdygy mälim edilen bu şäheriň taslamasy iki tapgyrda durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde 336 sany medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy diýip, resmi media ýazýar.

Emma şäherdäki satuwa çykarylan jaýlary synlap gören ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, binalaryň hili pes, şeýle-de olarda eýýämden suwagyň gaçmagy, kafelleriň gopmagy, kadasyz suw üpjünçiligi ýaly kemçilikler ýüze çykyp başlady.

Mundan ozal, Aşgabadyň şäher gurluşyk edaralarynda işlän hünärmenler Arkadagyň proýektiniň düzülişinde seýsmiki howpsuzlyk nukdaý nazaryndan kemçiligiň köpdügini, gurlan binalaryň hiliniň pesdigini duýdurypdylar.​

Galyberse-de, synçylar Arkadag şäheriniň töweregindäki işjeňlige “lideriň şahsyýet kultuny mundan-da beýläk ösdürmek synanyşyklary” hökmünde baha berýärler.

29-njy iýunda, Arkadagyň açylan güni ýurtda adybir telekanalyň ýaýlymy başlady we öňki prezidentiň lakamyny göterýän gazetiň ilkinji sany çap boldy. Şäheriň açylmagyna iki aý çemesi wagt galanda, “Arkadag” atly futbol kluby hem esaslandyryldy.

Galyberse-de, her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeligi indiki ýyl sebit merkezleriniň birinde däl-de, Arkadagda geçiriler.

Türkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatlary indi ençeme ýyl bäri barha ýitileşen agyr durmuş-ykdysady problemalardan ejir çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheriniň golaýyndaky aýlaw çatrygynda täsin bina gurulýar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy