Arkadagly Ýaşlar atly elektron žurnalyň 9-njy sany okyjylara ýetirildi

Arkadagly Ýaşlar atly elektron žurnalyň 9-njy sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Arkadagly Ýaşlar elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi.

Žurnalyň täze sanynyň ilkinji sahypalarynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň mundan 32 ýyl ozal ýazan Garaşsyz atly meşhur şygrynyň ýerleşdirilmegi onuň täsirliligini artdyrypdyr. Hormatly Prezidentimiziň Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iş saparyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Guramanyň ýolbaşçysynyň bu saparyň jemleri barada ýazan makalasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berilýär.

Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen Ýaşlara ynam ― geljege ynam atly makala 1-nji sentýabrda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralaryna bagyşlanýar.

Sentýabr aýyndaky taryhy wakalar žurnalda ýerleşdirilen Altyn güýzüň altyn sahypalary atly makalada beýanyny tapdy. Watan hakda söz açsaň... atly makala türkmen watançylyk mekdebiniň gadymy taryhy köklerine bagyşlanypdyr.

Neşiriň täze sanynda rus dilinde paýlaşylan ilkinji makala Türkmenistan ― ÝUNESKO hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr. Magtymguly Pyragy: milli terbiýe we ýaşlar atly makala bolsa akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp seslenme bolupdyr.

Sentýabr aýynda üstünlikli geçirilen Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy atly biraýlyga bagyşlanyp, neşiriň täze sanynda Ýollar asuda ― iller abadan atly makala ýerleşdirilipdir.

Ylym mekdepden başlanýar atly makalada bolsa ylmy işler boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan mekdep okuwçylarynyň ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär.

Okyjylar žurnalyň täze sanynda dünýäniň iň ýaş millionerleri barada hem gyzykly maglumatlary okap bilerler. Magtymguly Pyraga bagyşlanan iňlis dilindäki goşgy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişden taýýarlanylan fotokollaž žurnalyň täze sanynyň mynasyp jemlemesine öwrülipdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Filologiýanyň meseleleri žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy: ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine
Zehin güzerini boýlan halypa atly döredijilik duşuşygy geçirildi
Türkmenistan ata mekan Garaşsyz
Hormatly Prezidentimiziň kitaby ýapon dilinde neşir edildi