ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ MA DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞMAGA ÇAGYRDY

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ MA DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞMAGA ÇAGYRDY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlaryny şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Köp döwletleriň Baştutanlaryny bu maslahata gatnaşmaga çagyrmak bilen, biz bu çärä diňe bir Magtymgula sarpa goýmak hökmünde däl-de, giň hem-de özara hormat goýmak esasyndaky örän ähmiýetli we öz wagtynda guralýan halkara dialogy, dünýäniň ykbaly, häzirki wagtyň ählumumy syýasy, durmuş-medeni, geoykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyna, olaryň meýillerine we geljekki mümkinçiliklerine oňyn, döredijilikli çemeleşmeleri hem-de garaýyşlary beýan etmek üçin netijeli forum hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Gahryman Arkadagly Serdarymyz häzirki wagtda şeýle dialog aýratyn islege eýedigini belläp, Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleriniň garaýyşlarynyň şol maslahatda örän düýpli hem-de giňişleýin beýan edilmegine, olaryň diňlenilmegine hem-de şol garaýyşlara düşünilmegine möhüm ähmiýet berýändigimizi aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky garaşsyz žurnalistika: yzarlamalar, türme, gynamalar we ölüm
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY
Türk dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça ylalaşyk gazanyldy
Türk dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça ylalaşyk gazanyldy