Arkadagdaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Täze ýyl baýramçylygy geçirildi

Arkadagdaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Täze ýyl baýramçylygy geçirildi

Märkaw myhmanhanasynda we Arkadag şäheriniň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabara geçirildi. Çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl mynasybetli süýjülik sowgatlarynyň gowşurylmagy dabaralaryň esasy wakalarynyň birine öwrüldi diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan köpöwüşginli çäre-de ýakymly pursatlara baý boldy.Dabaranyň çäklerinde türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň çykyşlary çagalar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy.

Bu ýerde saglygyny dikeldýän çagalara hem-de merkeziň çäginde hereket edýän çagalar bagynyň körpelerine uly dabaralara beslenip gelen Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Şa serpaýy — Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Şeýle dabara Aşgabatda ýerleşýän Döwletliler köşgünde-de ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň iberen Şa serpaýy — süýjülik sowgatlary bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň kalbyny egsilmez buýsanja, göwün galkyndyryjy duýgulara besledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran medeni dostlugy
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Tebigat we ekologiýa
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA