Şu günler Arkadag şäherindäki Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşiginde suw gyzdyrýan gazanlaryň operatory wezipesinde işleýän hünärmenlerden “öz islegi boýunça” bagban wezipesine geçmek isleýändikleri barada arza ýazmak talap edilýär.
Bu mejbury talaby kabul etmediklere işden çykaryljakdygy barada haýbat atylýar. Bu ýagdaýlar barada hünärmenleriň birnäçesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi.
“Men we men ýaly başga-da ençeme hünärmen indi iki ýyla golaý wagt bäri Arkadag şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşiginiň garamagyndaky ýyladyş ulgamynda suwy gyzdyryjy gazanlaryň operatory wezipesinden zähmet çekip gelýäris. Ýöne häzir biziň bu wezipämizi bikanun, adalatsyz görnüşde elimizden alýarlar” diýip, hünärmenleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Hünärmenleriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, şäherdäki desgalaryň ýyladyş ulgamyna gözegçilik edýän baş inženerler olardan “öz islegi boýunça” bagban wezipesine geçmek isleýändikleri barada arza ýazmagy talap edýärler.
“Baş inžener munuň sebäbini düşündirmeýär. Ýöne ol işsiz, aýlyksyz galmak islemeseňiz, arzany ýazyň’ diýýärler. Ýogsam, olar gyzgyn suw bilen baglanyşykly enjamlarda näsazlyk dörän halatynda, işgärleriň öz wezipesini ýerine ýetirmezlikde aýyplanjakdygyny, ýa-da iş ýerinde irkilenligi üçin iş düzgünlerini bozmakda wezipesinden boşadyljakdygyny aýtdylar” diýip, hünärmenleriň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, hünärmenler inženerleriň bu bikanunçylygy Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşiginiň başlygy bilen dildüwşükde amal edýändigine we olaryň bikanun gazanç etmäge çalyşýandygyna ynanýarlar. Sebäbi birleşigiň başlygy hünärmenleriň bu talap barada edýän şikaýatlaryna gulak asmaýar.
“Operatorlaryň aýlygy 2 müň manatdan gowrak bolup, olar üç günden bir gije-gündiz iş tertibinde işleýärler.Bagbanlaryň aýlygy bolsa, 1 müň manatdan sähel gowrak bolup, olar, ýekşenbe gününden başga, hepdäniň ähli güni zähmet çekýärler. Şol sebäpli baş inženerler birleşigiň başlygy bilen bilelikde, suw gyzdyrýan gazanlaryň operatorlaryny bagban wezipesine geçirip, olaryň ornuna 500-600 dollar möçberinde para alyp, operatorlar wezipelerini täze işgärlere satýarlar” diýip, hünärmen belledi.
Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, şu ýylyň başyndan bäri dowam edýän talabyň we basyşlaryň çäginde häzire çenli bäş sany suw gyzdyrýan gazanlaryň operatory bagban wezipesine geçirildi.
“Beýleki operatorlara hem basyşlar dowam edýär. Bagban wezipesine geçirilenler Arkadag şäheriniň häkimliginiň adyna arz-şikaýat bilen arza ýazdylar, ýöne asla netije bolmady” diýip, hünärmen belledi.
Azatlygyň Arkadag şäher häkimligi, Jemagat hojalygy müdirligi we Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşigi bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işgärleriň dürli mazmundaky arzalary, dilhatlaryny ýazmaga mejbur edilýändigi, öz wezipesinden başgasyna mejbury geçirilýändigi, şeýle-de iş ýerleriniň “para satylýandygy” barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.
Ýanwar aýynyň 20-de Balkan welaýatyndaky habarçymyz sebitiň lukmanlaryna 500 manat paranyň öwezine aýlyklaryny 30%-e çenli ýokarlandyrmagyň wada berilýändigini habar berdi.
Geçen ýylyň tomsunda lebaply mugallymlaryň ençemesi özleriniň kanuny zähmet rugsadyny tassyklatmagyň bahasynyň käbir mekdeplerde 400 manada çenli çykyp bilýändigini aýtdylar.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.
“Transparency International” guramasynyň geçen ýyl çap eden soňky korrupsiýa indeksinde Türkmenistan ýene-de yzdaky orunlaryň birini, has anygy, aşakdan onunjy ýeri eýeledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.