Ümmülmez älem giňişliginde millionlarça saýýaralaryň, ýyldyzlaryň Günüň daşynda hereket edýändigini hemmämiz bilýäris.Berkarar döwletimiziň öňe sürýän taglymatlary hem dünýäde parahatçylygy, ählumumy ösüşi berkitmek babatda umumadamzat bähbitlerinden ugur alýar. Şol sebäpli hem Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenmä, uly goldawa eýe bolýar.
Häzirki wagtda dünýäniň daşary diplomatiýasynda Ösüş arkaly parahatçylyk diýen adalga öwrülen jümlä ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar.Her gezek hem bu belent ykrary täsin tolgunma, beýik buýsanç bilen kabul edýärsiň. Çünki bu taglymatyň hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyndan, öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan binýat bolandygyny bütin dünýä ykrar edýär.
Asman jisimlerini öwrenýän Kosmos-Ýer jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine Arkadag diýip at goýandyklary baradaky hoş habar her bir türkmenistanlyny ganatlandyrdy.
Arkadag ýyldyzyna degişli güwänamanyň, teleskopyň we düşürilen suratlaryň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy Pegas ýyldyzlar toparyna degişli ýyldyz baradaky maglumatlar bilen ilaty, aýratyn hem ýaş nesli giňden tanyşdyrmakda ähmiýetlidir.
Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, fizika-matematika, tehniki ylymlar, astronomiýa boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýan bu uniwersitetde asman jisimlerine gözegçilik etmek, olary öwrenmek babatda hem zerur mümkinçilikler bar. Ýokary okuw mekdebinde astronomiýa hünärini öwrenýän talyplar halypa mugallymlardan alan nazary bilimlerini uniwersitetiň degişli binalarynda bar bolan teleskoplardan peýdalanmak, şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň obserwatoriýasynda geçirilýän gözegçilikler arkaly tejribede berkidýärler.
Gysga wagtyň içinde Arkadag atly şeýle ajaýyp şäheriň gurlup, onuň adynyň hut Pegas ýyldyzlar toplumyndaky ýyldyza dakylmagy ýöne ýerden däl. Maglumatlara görä, Pegas grekleriň ynanjynda ganatly at diýmegi aňladýar. Wepalylygy, görkezen gahrymançylygy we bitiren hyzmatlary üçin ganatly atyň hormatyna asman ýyldyzlarynyň bir toplumyna Pegas diýlip at goýýarlar.
Türkmen üçin bedew ata atlanmak bagt düşünjesi bilen manydaş. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň kemala gelen topragynda gurlan Arkadag şäheri bolsa bu gün dana Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň türkmeniň bagt atynyň Arşa galmagynyň nyşanyna öwrüldi. Pegas atynyň toýnagyny uran ýerinden çogup çykan çeşmeden şahyrlaryň ylham alşy ýaly, Arkadag şäheri hem bu gün döredijilik adamlarynyň ylhamgähine öwrüldi.
Asman giňişligindäki Arkadag ýyldyzy barada geljekde köp gürrüňler ediler, eserler dörediler.Pegasyň kosmosdaky beýleki toplumlaryňka garanyňda has ýygjam ýerleşen ýyldyzlarynyň birnäçesini garaňky gijelerde hiç hili enjamsyz synlap bolýandygyny astronomlar belleýärler.
Sebäbi Pegasyň üç sany iri ýyldyzy Andromeda bilen birleşip, aýdyň saýgardýan dörtburçlugy emele getirýär.Täze ýyldyz asman jisimleriniň arasynda saýlanyp duran şol dörtburçlugyň içinde ýerleşýär.Demirgazyk ýyldyzynyň taryhda kerwenlere ýol salgy berip gelşi ýaly, geljekde Arkadag ýyldyzy hem Garaşsyz Watanymyzyň ösüşli menzillerine ýagtylyk nuruny saçar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başynda duran beýik işleri mundan beýläk hem edil Arkadag ýyldyzy ýaly röwşen günlerimize nuruny çaýsyn! Halkymyzy Gün kimin çoýýan, ýollarymyzy ýyldyz bolup ýagtyldýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!
Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.