
Arkadag topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynda myhmançylykda Altyn asyry 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky Sport toplumy stadionynda geçirildi.
Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Şamämmet Hydyrow dubl etdi (10, 63), hem-de Didar Durdyýew (34) we Begenç Akmämmedow (58) bir gezekden tapawutlandy. Altyn asyryň gollaryna bolsa Röwşengeldi Hälmämmedow (55) we Arslan Saparow (76, penalti) awtorlyk etdi.
Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň aprelinde döredilen Arkadag topary ähli ýaryşlardaky ýeňişli ýörişini 40 oýna ýetirdi.
Wladimir Baýramowyň şägirtleri häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynda 9 oýunda toplanan 27 utuk bilen liderlik edýär.