Arkadag we Aşgabat şäherlerini elektrik otly birleşdirer

Arkadag we Aşgabat şäherlerini elektrik otly birleşdirer

Türkmenistanda ilkinji elektrik otly Arkadag şäherini we Aşgabat şäherini birleşdirer. Bir nokatdan beýlekisine bary-ýogy 18 minutda baryp bolar diýip, Türkmenaragatnaşyk agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu taslama barada şu günler Russiýa Federasiýasynyň Rossiýskiýe železnyýe dorogi (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmendemirýollary agentliginiň başlygy A.Atamyradowyň arasynda geçirlen gepleşiklerde bellenildi.

Duşuşykda taraplar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Gyzylarbatdaky awtoulag abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek we ýeke-täk logistika operatory döretmek meselesi boýunça piker alyşdylar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin, Russiýanyň demirýol edarasynyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak we Russiýanyň Demirýollary korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýol işgärlerini taýýarlamak meselesine garadylar.

Gepleşikleriň netijesi boýunça gazanylan ylalaşyklar esasynda birnäçe şertnamalara gol çekildi.

Türkmenistan gazetinde bellenilişi ýaly, Rossiýskiýe železnyýe dorogi açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekiliýet agzalary Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän Sarahs stansiýasyna hem baryp gördüler.

Ýene degişli makalalar

RŽD Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
Arkadaga gatnajak otly ilatyň 'demirýol, otly ýarasyny açdy'
Arkadagda guruljak 'akylly' menzil ilatyň demirýol derdini gozgaýar
Eýran-Türkmenistan demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesinde üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy teklip edilýär
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy