Arkadag topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy üçin Ahal bilen oýnar

Arkadag topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy üçin Ahal bilen oýnar

Arkadag topary 2024-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny almak üçin geçiriljek oýunda Ahal bilen güýç synanyşar. Bu barada TFF habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, Wladimir Baýramowdan tälim alýan Arkadag kluby geçen möwsümde birbada iki ýaryşda — Türkmenistanyň Ýokary ligasynda hem-de ýurduň Kubogynda ýeňşini baýram etdi. Şeýlelikde, Naýbaşy kubok üçin oýunda Arkadag toparynyň garşydaşy Türkmenistanyň Kubogynyň geçen ýylky finalçysy Ahal bolar.

Naýbaşy kubogy almak ugrundaky duşuşygyň 28-nji sentýabrda geçirilmegine garaşylýar. Oýnyň geçiriljek ýeri we wagty guramaçylar tarapyndan goşmaça habar berler.

Maglumat üçin, Ahal 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi bolupdy. Arkadag topary bolsa bu baýrak üçin ilkinji gezek meýdança çykar.

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň häzirki eýesi 2022-nji ýylda Şagadamy 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden Altyn asyr kluby hasaplanýar. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny almak ugrundaky oýun geçirilmedi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol çempionaty Energetiksiz dowam eder
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Futzal, Naýbaşy liga ― 2023: Senagatbank Deňizçiden soň Köpetdagyň hem badyny haýallatdy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Teýmur Çaryýew Abdyş-Ata bilen gyrgyz çempionatyndaky ilkinjiduşuşykda goragda sak durdy
Maksim Kazankow ýene toparyny täzeledi