Arkadag topary Türkmenistanyň kubogynyň 1/4 final tapgyrynda Köpetdagy uly hasapda ýeňdi

Arkadag topary Türkmenistanyň kubogynyň 1/4 final tapgyrynda Köpetdagy uly hasapda ýeňdi

Arkadag topary Türkmenistanyň kubogynyň 1/4 final tapgyrynyň deslapky oýnunda Köpetdagyň üstünden uly hasap bilen ýeňiş gazandy.

Paýtagtyň Aşgabat stadionynda geçirilen oýun 5:1 hasabynda tamamlandy.

Arkadag toparynyň düzüminde Didar Durdyýew iki gol (2-nji we 8-nji minutlar) geçirdi. Abdy Bäşimow (22), Yhlas Toýjanow (26) we Şanazar Tirkişow (86) dagy bir gezekden tapawutlandylar. Köpetdagyň ýeke-täk goly Baýramgeldi Gulmaýewiň (73) adyna ýazyldy.

Toparlaryň arasyndaky jogap oýny 20-nji maýda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: çärýek finalyň ilkinji duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 8-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2023: Arkadag topary resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sanyny 80-e çykardy