Arkadag topary Nebitçini 5:0 hasabynda utdy

Arkadag topary Nebitçini 5:0 hasabynda utdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Arkadag topary öz meýdanynda Balkanabadyň Nebitçisinden 5:0 hasabynda üstün çykdy.

Gollar: 23, 66 Didar Durdyýew, 73 Begenç Akmämmedow, 77 Altymyrat Annadurdyýew, 82 Yhlas Saparmämmedow (Arkadag)

Arkadag topary gazanan bu ýeňşinden soň toplan 15 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde Altyn Asyr hem-de Köpetdag toparlary eýeleýärler. Bu toparlaryň ikisi-de 11 utukdan toplamagy başardylar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 17-nji maýda geçiriler — Şagadam — Merw, Aşgabat — Altyn Asyr, Nebitçi — Ahal hem-de Energetik — Arkadag.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Arkadag futbol topary 8 duşuşykda 32 gol geçirdi
TÝL ― 2023: 6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 8-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi