Arkadag şäheriniň wagyz işleriniň batlanmagy bilen, türkmen lideriniň şahsyýet kulty dabaralanýar

Arkadag şäheriniň wagyz işleriniň batlanmagy bilen, türkmen lideriniň şahsyýet kulty dabaralanýar

Türkmenistanda gurluşygy dowam edýän Arkadag şäheriniň wagyz işlerine bat berilýär. Şäherde alnyp barylýan işleri üstünlikli wagyz etmek maksady bilen, ýaňy-ýakynda “Arkadag” gazeti we “Arkadag” teleýaýlymy esaslandyryldy.Gazet iýul aýynda, teleýaýlym sentýabr aýynda öz işine başlar.

Bu aralykda, “Arkadag” şäherine “döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy” berilýär.Azatlygyň çeşmeleri türkmen paýtagtynyň tapgyrlaýyn esasda we ýuwaş-ýuwaşdan Arkadag şäherine göçürilmek ähtimallygy, ýa-da Arkadag şäherine Türkmenistanyň ikinji paýtagty statusynyň berilmegi bilen bagly çaklamalar barada habar berýärler.

Synçylar “Arkadagyň” töweregindäki soňky işjeňlige “lideriň şahsyýet kultuny mundan-da beýläk ösdürmek synanyşyklary” hökmünde baha berýärler.

Iýul aýynda öz işine başlajak “Arkadag” gazetiniň esaslandyrylmagy ýurtda ýetilendigi aýdylýan sepgitleri dünýä ýaýmak, wagyz etmek we, TDH-nyň sözlerine görä, “sebitde deňi-taýy bolmadyk akylly’ şäheriň Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek” maksady bilen düşündirildi.

Sentýabrda işe başlajak “Arkadag” teleýaýlymynyň döredilmegi hem birmeňzeş maksatlar bilen esaslandyryldy.

Täze metbugat serişdeleri, ýyllarboýy azat metbugaty bogýan Türkmenistanda, öňden bäri hereket edýän basmagalyp’ köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üstüni ýetirer.

Mundan ozal, Türkmenistanda paýtagt Aşgabadyň adyny göterýän “Aşgabat” TW kanaly döredilipdi. “Arkadag” kanaly Türkmenistanda şäher adyny göterýän ikinji TW ýaýlymy bolar.

Bu aralykda, ilkibaşda “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimligi” atlandyrylan Arkadag häkimligi, prezidentiň 30-njy martda gol çeken karary bilen diňe “Arkadag şäheriniň häkimligi” atlandyryldy. Bu karar Arkadag şäheri üçin “döwlet ähmiýetli şäher” diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglanyşdyryldy.

Azatlygyň ozal hökümete ýakyn bolan ygtybarly bir çeşmesi täze gurulýan şähere aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen, türkmen paýtagtynyň tapgyrlaýyn esasda Arkadag şäherine göçürilmek ähtimallygy baradaky çaklamalaryň gün tertibine getirilýändigini habar berýär.

“Paýtagtyň ýerine ýetirýän wezipesini ýuwaş-ýuwaşdan Arkadag şäherine göçürmek bilen bagly çözgütler işlenilip düzülýär. Ýöne bu babatda, häzirlikçe säginilýär, sebäbi, entek Aşgabadyň özünde döwlet binalarynyň, hökümet binasynyň we beýleki toplumlaryň gurluşygy ýaňy-ýaňy tamamlandy” diýip, Azatlygyň çeşmesi maglumat berdi.

Arkadag şäheri Aşgabadyň takmynan 25 kilometr töweregi günbatarynda, Gökdepe etrabynyň 15 kilometr töweregi gündogarynda, Berdimuhamedowlaryň dogduk obasy bolan Babarap geňeşliginiň 5 kilometr töweregi günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär.

Şäheriň gurluşygynyň bäş milliard dollara barabar bolmagyna garaşylýandygy mälim boldy.

Türkmenistanda Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag diýilýär. Onuň prezident ogly Serdar Berdimuhamedowa “Arkadagly Serdar” diýilýär.

Synçylar Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylýan “Arkadag” propagandasyna “lideriň şahsyýet kultuny has-da ösdürmek tagallalary” hökmünde baha berýärler.

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen, Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski 3-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda dabaralandyrylýan Arkadag wagzynyň töweregindäki ýagdaýlara syn berdi.

“Soňky wakalar Türkmenistanda mese-mälim we göz-görtele alnyp barylýan lideriň şahsyýet kultuny dabaralandyrmak işleriniň dowamaty bolup görünýär” diýip, Ançeski Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.

Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýanwar aýynda kanun taýdan “türkmen halkynyň milli lideri” yglan edildi.Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem Türkmenistanda resmi taýdan “Türkmenbaşy”, ýagny “türkmeniň başy” yglan edilipdi. Ýöne Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda döwlet başyna geçmegi bilen “Türkmenbaşynyň” şahsyýet kultunyň dabaralandyrylmagy ilki selçeňleşdi, soňra doly aradan aýryldy.

Sähel salymyň içinde Berdimuhamedow Arkadag yglan edildi we Türkmenbaşynyň’ şahsyýet kultuna derek, Arkadagyň’ kulty öňe sürlüp başlandy.Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty 2022-nji ýylda prezident wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirenden soň, has-da güýçlendi we onuň adyny göterýän ýerler köpelip başlady.

Britaniýaly professor Azatlyk bilen söhbetdeşlikde türkmen režiminiň onlarça ýyl bäri liderleriň şahsyýet kultuny dabaralandyrmak bilen meşgul bolýandygyny aýtdy:

“Elbetde, Nyýazow şäher giňişligini, şäher atlaryny, toponimleri üýtgetmek babatda örän aç-açan hereket edýärdi Krasnadowsk şäheri “Türkmenbaşy” boldy, welaýatlarda Nyýazowyň adyny göterýän etraplar peýda boldy. Meniň pikirimçe, Berdimuhamedow hem birnäçe wagt bäri şeýle işler bilen meşgul. Täze şäher gurup, oňa öz adyňy dakmak, maňa görä, ekssentrik türkmen režimine mahsus hereket bolup durýar” diýip, professor aýtdy.

Türkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny gözçykgynç depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatlary indi ençeme ýyl bäri barha ýitileşen agyr durmuş-ykdysady problemalardan ejir çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?
HWF: Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmeli
Türkmen alymy: “Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty öz gözbaşyny Parfiýa şalygyndan alyp gaýdýar”
Türkmenistan Bitaraplyk baýramyny belleýär
L. Ançeski: Türkmen hökümeti bitaraplyk syýasatyny halkara jemgyýetçilikden üzňeleşmek üçin ulanýar
Prezident harbylary duýdansyz barlady; eksperte görä, ýurtdaky “krizis” goşuna-da täsir edýär