Arkadag şäheriniň stadionynda ilkinji duşuşyk geçiriler

1-nji iýulda Arkadag şäherinde ilkinji futbol duşuşygy guralar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan ajaýyp şäherde bina edilen 10 müň tomaşaçy orunlyk stadionda Arkadag hem-de Ahal toparlarynyň ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Duşuşygyň 18:00-da başlanmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyndan soň, Arkadag toparynyň ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ahal dokuzynjy orunda barýar.

Arkadag şäherinde ýerleşýän 10 müň tomaşaçy orunlyk stadion sportuň birnäçe görnüşi boýunça türgenleşikleri guramak üçin ajaýyp mümkinçilikleri özünde jemleýär. Stadionyň futbol meýdany bolsa möhüm duşuşyklary geçirmäge uly mümkinçilik bolar. Bu ýerde 4-nji iýulda hem gyzykly duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Katara çempionat döwründe näçe syýahatçy bardy?
Özboluşly stadion gurar
1-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Saud Arabystanynda täze stadion gurlar
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Marynyň häkimiýetleri ýagyşda ezilen çäreçileri bir sagatlap öýlerine goýbermediler
Türkmenistan Özbegistana iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmaga taýýardyr, Belawiýa awiakompaniýasynyň ulgamynyň täzelenmegi Türkmenistanda petekleriň satylmagyna täsir etmez, Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Ýüpek ýoly sergisiniň hormatly myhm