Arkadag şäheriniň gurluşygy Ýewropa hil barlaglary jemgyýetiniň baýragyna mynasyp boldy

Arkadag şäheriniň gurluşygy Ýewropa hil barlaglary jemgyýetiniň baýragyna mynasyp boldy

Habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we saparynyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň Ýewropa hil barlaglary jemgyýetiniň Halkara hil baýragyna mynasyp bolandygyny guwanç bilen habar berdi we Halk Maslahatynyň Başlygyna degişli baýragy kabul etmek hem-de bu ugur boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň wekiliýetini Awstriýa Respublikasyna iş saparyna ugratmaga Türkmenistanyň Prezidentinden rugsat soramak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Gahryman Arkadag täze şäheri gurmagyň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly desgalar toplumynyň gurluşyklarynyň amala aşyrylmagynyň şäheriň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirjekdigine ünsi çekdi. Şunda lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň hil derejesine we olaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga tabşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigi barada aýdyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy soňra D.Orazowyň haýyşyny Türkmenistanyň Prezidentine ýetirjekdigini aýtdy.

"Binýat bolan döwründen bäri täze şäheriň dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara güwänamalara we degişli diplomlara mynasyp bolmagy bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine we halkara görkezijilere laýyk gelýändiginiň hem-de Arkadag şäherinde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagy ugrunda tagalla edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr" diýip, Gahryman Arkadag belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri degişli derejede dowam etmegi tabşyrdy.

Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizildi
Türkmenistanda täze doglan çagalar üçin berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyrylar
“Türkmenfilm” dekabr aýyndaky film täzeliklerini tanyş etdi
“Maşgalanyň we Jemgyýetiň Berk Binýady Bolan Enelerimiziň Eneler Güni Gutly bolsun”