Arkadag şäheriniň drama teatrynyň döredijilik topary ilkinji gezek halkara festiwala gatnaşar

Arkadag şäheriniň drama teatrynyň döredijilik topary ilkinji gezek halkara festiwala gatnaşar

Şu gün Türkmenistanda Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara teatr festiwaly açyldy. Bu halkara teatr festiwala ilkinji gezek Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry hem gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynda Köňüller kelamy atly sahna oýny bilen çykyş eder.

Sahna eseri Nurmyrat Saryhanowyň Kitap atly hekaýasy esasynda taýýarlandy. Bu sahna eseriniň baş gahrymany Welmyradyň argyşa gidişi we şol ýerde sowatly bir ýaş ýigidiň okaýan kitabyna maýyl bolup, ony guba düýä çalşyp gaýdyşy beýan edilýär.

B.Abaýewiň režissýorlygynda sahnalaşdyrylan Köňüller kelamy atly sahna eseri Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 14-nji noýabrda sagat 15:00-da görkeziler.

Ozal halkara festiwala gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag iberendigi barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Köňüller kelamy halkara teatr festiwalynyň ilkinji spektakly
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ilkinji gezek halkara festiwala gatnaşýar
Türkmen kompaniýalary Astanada geçiriljek TransLogistica Kazakhstan—2024 sergisine gatnaşarlar
Aşgabatdaky Puşkin teatry Nury Halmämmedowa bagyşlanan spektakl taýýarlaýar
Dünýä türkmenleri Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan nämä garaşýar?
“Köňüller, ýürekler bir boldy bu gün, görmäge göz gerek Türkmenistany” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy