Arkadag şäheriniň açylyşynda Galkynyş simfoniki orkestri hem çykyş eder

Arkadag şäheriniň açylyşynda Galkynyş simfoniki orkestri hem çykyş eder

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergerden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenisanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Bu hat Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Neda Berger hatynda, ilki bilen, Türkmenisanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Arkadag şäheri diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýar.Onuň belleýşi ýaly, munuň özi tutuş Türkmenistan üçin, hususan-da, akylly ýaşaýyş jaýlary, häkimligiň binasy, drama teatry, Ruhyýet köşgi, Halkara atçylyk akademiýasy we beýleki edaralary bolan bu ajaýyp şäherde ýaşajak ilat üçin aýratyn guwandyryjy wakadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenisanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu täze, iri taslamanyň amala aşyrylmagyna yzygiderli üns berýär hem-de uly şahsy goşandyny goşýar.

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň hatynyň ahyrynda onuň akylly Arkadag şäherine bagyşlap ýazan täze goşgusy hem beýan edilýär.

Ýene degişli makalalar

6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Ara Güler
BAFTA kino baýragynyň ýeňijileri belli boldy