Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär

13-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş sapary bilen gelip, täze şähere barýan ýoluň ugrunda gurulýan halkalaýyn aýlaw ýolunyň ýanynda saklandy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri halkalaýyn ýoluň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu ýerde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, gurluşyk we bezeg işleriniň döwrüň ruhuna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy. Halkalaýyn ýoluň merkezinde oturdyljak şekilleriň görnüşleriniň seçilip alynmagyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir, şeýle hem ýol-ulag düzümleriniň abadanlaşdyrylyşyna bildirilýän ähli talaplar berjaý edilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky şäherçäniň hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýerleşýändigini nazarda tutup, ulaglaryň hereketini, şäher ilatynyň iş ýerlerine, okuwçylaryň mekdeplere gidip-gelmeklerini, körpeleriň çagalar baglaryna gatnadylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Şunda duralgalar degişli ýerlerde gurulmalydyr, ýolagçylaryň amatly gatnawyny üpjün etmek maksady bilen, ýol-ulag düzümine degişli hereketler sazlaşykly ýola goýulmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şäher ilaty üçin ýokary derejeli amatlyklaryň döredilmeginiň möhüm şert bolup durýandygyny nygtady hem-de degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz şäheriň baş bezegine öwrülen Akhan binasyna tarap ugrady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýadawsyz tagallasy bilen ähli görkezijiler boýunça halkara ölçeglere laýyk gelýän Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi ýurduň ykdysadyýetiniň yzygiderli kuwwatlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ajaýyp desga mähriban Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň şöhratly taryhyň gatyna altyn sahypalar bolup ýazylýandygyny alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynda möhüm orun eýelän Akhan atly bedewiň şanyna gurlan binanyň ýanynda saklandy. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine ählihalk söýgüsiniň nyşanyna öwrülen bu bina kaşaňlygy we özboluşly aýratynlygy bilen haýran galdyrýar. Bu binanyň ýanynda täze şäheriň açylyş dabaralaryna badalga berler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu barada aýtmak bilen, dabaraly çäräniň şatlyk-şowhuna beslenmeginiň zerurdygyny belledi. Munuň özi Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşiniň, belent maksatlaryň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine tarap ugrady. Häzirki döwürde, Arkadag şäheriniň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, merkeziň çäklerinde şäheriň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly wakanyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalar giň gerime eýe bolýar.

Häzirki wagtda Arkadag şäherinde ýokary derejeli ýol-ulag düzümi döredildi. Bu bolsa döwrebap tehniki mümkinçilikleri ulanmak arkaly, ulaglaryň sazlaşykly we ýolagçylaryň oňaýly hereketini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň durmuş düzüminiň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Ynsan saglygyny goramak, adamlaryň zähmet çekmekleri, dynç almaklary, ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin oňaýly şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň, aýratyn-da, çagalaryň saglygyny goramak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ulag duralgasynyň desgalarynyň talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklanmalydygy, olaryň uzak möhletleýinligi, berkligi barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Desgalaryň bezeg we abadanlaşdyryş işlerine birnäçe bellikleri aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunda merkeziň ýolbaşçysyna bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.Bellenilişi ýaly, Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň dolandyryş düzümi sazlaşykly hereket etmelidir.

Onuň hojalyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şeýle hem döredilen ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, belent maksatlara ýetmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ýolagçy awtobuslarynyň jemlenýän duralgasyna geldi. Bu ýerde elektrobuslaryň we elektrotaksileriň degişli derejede saklanmagy, olara tehniki hyzmatlaryň ýola goýulmagy babatda ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Gahryman Arkadagymyz duralganyň binagärlik keşbine birnäçe bellikleri aýtdy.

Duralganyň desgalarynyň ýerleşdirilişi bilen tanşyp, türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň ýanaşyk ýerleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede abadanlaşdyrylmalydygyny belledi. Şol bir wagtda-da ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hiline we medeniýetine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Bu ugurda alnyp barylýan işler “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatymyzyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna tarap ugrady.Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow garşyladylar.

Hormatly Arkadagymyz toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna we onuň daşky bezeg işlerine birnäçe bellikleri aýtdy.Bellenilişi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň binagärlik keşbi şu günüň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir. Şunda häzirki zamanyň ösen tejribesi işjeň ulanylmalydyr.

Munuň özi toplumyň binalarynyň bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyza gurulýan binalardyr desgalarda hem-de ýollarda ornaşdyryljak ýazgylaryň birnäçe görnüşleri görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýazgylaryň göze gelüwli bolmagynyň, özboluşly bezegi özünde jemlemeginiň möhümdigini, şeýle hem gijeki yşyklandyrylyşyna ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli taýýarlyk işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we olara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň nyşanydyr
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary