Arkadag şäherine bagyşlanan mediaforum geçirildi

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda täze şähere bagyşlanan mediaforum geçirildi.Oňa ýerli hem-de halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.Mediaforumda “Arkadag şäheri sebitiň ilkinji akylly şäheri”, “Innowasion şähergurluşygynda ekologiýa medeniýetiniň döremegi”, “Kemala gelýän sagdyn şäherler paradigminde Arkadag şäheriniň ähmiýeti” ýaly sessiýalarda çykyşlar edildi.

Halkara media forumynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Strategik barlaglar boýunça Merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew, UN-Habibat maksatnamasynyň hünärmeni Fundare Salwatore, Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň Merkezi Aziýa boýunça ösüş maksatnamasynyň hünärmeni Oýunçimeg Amartuwşin, “Business Central Asia” žurnalynyň baş redaktory Inderwir Singh, “Diplomatic world” institutynyň baş direktory we esaslandyryjysy Barbara Ditrih we beýlekiler çykyş etdiler.

Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji halkara media forumynda eden çykyşynda Arkadag şäheriniň döwrebap şähergurluşyk infrastrukturasyny özünde jemläp, häzirki döwrüň tehnologik we sanly ulgamy bilen üpjün edilen nusgalyk şäher bolup durýandygyny belledi.

Ol şäherde döredilen programma üpjünçiligi, ekologiýa taýdan arassa enjamlaryň ulanylmagy, gaýtadan işleýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy ýaly ugurlar boýunça tapawutlanýandygyny belläp, özüniň ýolbaşçylyk edýän Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi tarapyndan Arkadag şäheri taslamasynyň türki dünýäde şäherçilik ýörite nyşanyna mynasyp bolandygyny mälim etdi.

Forumda Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini halkara habarlar jemgyýetçiliginde wagyz etmegiň ähmiýeti barada çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri sebitiň ilkinji “akylly” hem-de ekologiýa taýdan arassa şäherleriniň biridir.

Giň meýdana ýaýylan bu şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket eder. Şeýle hem şäheriň köçeleriniň ýolagçylar we pýyadalar üçin hem amatly bolmagy üçin şertler döredilipdir. Ýerüsti pyýada geçelgelerine münüp düşmek hereket edýän merdiwanlar göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem onuň ýanynda lift goýlupdyr.

Bu bolsa fiziki mümkinçiligi çäkli adamlar hem-de çagaly eneler üçin uly ýeňillik döredýär. Şäheriň ýanýodalarynda bolsa, batyl adamlar üçin ýörite ugur goýlupdyr.Mahlasy, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.

Bu şäheriň açylyş dabarasyny dünýä jemgyýetçiliginde giňden wagyz etmek üçin dünýäniň 20-den gowrak döwletinden habarlar agentlikleri hem-de habarçylar topary ýurdumyza geldi.

Ýene degişli makalalar

06.12.2017 | Türkmenistan raýat awiasiýasynyň logistiki kuwwatyny ýokarlandyrýar
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
27.02.2018 | Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti
28.11.2018 | Türkmenistan — halkara ulag-Üstaşyr geçelgelerini döretmegiň başyny başlaýjy