Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri, Wena şäheriniň Aşgabatdaky Medeniýet günleri, türkmen sungat ussatlarynyň Wenadaky we awstriýaly artistleriň Aşgabatdaky çykyşlary, awstriýaly aýdymçylaryň ýurdumyzda geçirilýän halkara festiwallara, beýleki çärelere gatnaşmagy iki ýurduň döredijilik hyzmatdaşlygynyň tejribesiniň mysallarydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň goldawy bilen döredilen bilelikdäki Galkynyş simfoniki orkestri hem bu ulgamda alnyp barylýan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nyşanyna öwrüldi.Türkmenistandaky Wena balyny-da bilelikde guralýan ajaýyp çäreleriň biri hökmünde görkezmek bolar.

Bezegleriň nepisligi we ajaýyplygy, gatnaşyjylaryň lybaslary bilen reňk sazlaşygyny emele getirýän gurşaw hem-de meýdançanyň tutuş giňişligine dolýan nusgawy sazlar Wena balynyň dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Ýurdumyzda geçirilýän Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasyndan ýörite wekiliýet gelipdir.

Onuň düzümine Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary, meşhur opera aýdymçylarynyň, dirižýorlaryň we tansçylaryň döredijilik topary girdi.Myhmanlaryň hatarynda iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar.

Hemmeler dabaranyň hormatly myhmany Gahryman Arkadagymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu ajaýyp medeni çäräni geçirmek başlangyjy hem türkmen halkynyň Milli Liderine degişlidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite gurnalan münbere barýar.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary gutlap, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, bagtyýar halkymyzyň toýlarynyň toýlara ulaşýandygyny belledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ösdürýär.

Baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda Awstriýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklar hem aýratyn orny eýeleýär.Türkmenistanda we Awstriýa Respublikasynda halkara derejede medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.Bu bolsa biziň däbe öwrülen hoşniýetli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, döwrümiziň kämil sungat eserine öwrülen Arkadag şäheri sanly ulgama esaslanýan akylly şäherdir.Bu şäherde halkara çäreler işjeň ýagdaýda geçirilýär. Şu gün bolsa Arkadag şäherinde ýokary derejedäki VI Wena baly geçirilýär.

Wena baly dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýetli çäreleriň biridir.Balyň dowamyndaky çykyşlar türkmen-awstriýa halklarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkidýär.Täze medeni ösüşlere itergi berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde geçirilýän VI Wena balynyň Bitarap döwletler hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň halklarynyň medeniýetiniň, sungatynyň baýlaşmagyna, medeni gatnaşyklarymyzyň täze derejelere göterilmegine uly ýardam berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki, bu medeni çäräni guramakdaky hyzmatlary üçin Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergere öz hoşallygyny bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy VI Wena balynda çykyş edýän ýurdumyzyň hem-de Awstriýa Respublikasynyň sungat ussatlaryna döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Açylyş dabarasynyň dowamynda Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanlaryna hoşallyk beýan edildi hem-de oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň bu halkara çäräniň ähmiýetini artdyrýandygy nygtaldy.

Soňra Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergere söz berildi.Myhman hemmeleri bu möhüm waka bilen gutlady hem-de VI Wena balyny geçirmekde beren goldawlary, bu halkara çäräniň ýokary guramaçylygy üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, bu dabara iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň berkarar edilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Balyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, dabaranyň çykyşlaryna orun berildi. Dabaralar Gahryman Siz, Arkadag! atly watançylyk häsiýetli kompozisiýa bilen açyldy. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde däp bolan Polonez atly çykyşyň ilkinji owazlary ýaňlanýar. Oňa awstriýaly dirižýor, Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy Wolfgang Harrer dirižýorlyk etdi.

Ähli Ýewropa ballaryny açýan dabaraly tansly çykyşda horeografik topara wekilçilik edýän onlarça tansçy jübüt meýdança çykýar.Olar sazlaşykly hereketleri bilen ajaýyp tanslary ýerine ýetirýärler.Milli we dünýä nusgawy saz sungatynyň hazynasynyň meşhur eserleri, şol sanda I.Ştrausyň, D.Şostakowiçiň, F.Legaryň, B.Prawiniň we beýlekileriň sazlary dabaranyň maksatnamasyny emele getirdi.

Bu ýerde Ç.Nurymowyň, W.Muhadowyň, R.Rejepowyň hem-de beýlekileriň meşhur eserleri hem ýaňlandy.

Türkmenistanlylar bilen sungat baýramçylygynyň şatlygyny paýlaşmak üçin ýyldyz aýdymçylar Ameliýa Hoý we Konstantin Rittel-Kobylýanskiý ýurdumyza geldiler.Tansçy jübüt Dimitar Stefanin hem-de Irina Grasser Iogann Ştrausyň Mawy Dunaý atly ajaýyp sazyna wals tansyny ýerine ýetirip, ýokary ussatlygyny görkezdiler.

Dabara Döwlet tans topary, Meňli, Serpaý, Galkynyş, Näzli, Aşgabat tans toparlary, Ruhubelent çagalar, Şowhun çagalar döredijilik toparlary, Mukam ýaş skripkaçylar topary we beýlekiler gatnaşdylar.Her bir aýdym-sazly çykyş ýurdumyzyň belli tans toparlaryna wekilçilik edýän jübütleriň tans çykyşlary bilen utgaşdy.

Wena balynyň köp sanly gatnaşyjylarydyr myhmanlary çykyşlary aýratyn şowhun bilen garşyladylar. Ýurdumyzyň artistleriniň parahatçylygyň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Watanymyzy wasp edýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan atly aýdymy dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar netijeli medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döredijilik taslamalaryny durmuşa geçirmäge berýän yzygiderli goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nobatdaky Wena baly sungatyň serhetlerden aşyp, halklary ýakynlaşdyrýan beýik güýje eýedigini ýene-de bir gezek açyp görkezmek bilen, artistler we tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak waka boldy.

Çäräniň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar hem-de Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna, paýtagtymyzyň gözel künjeklerine baryp gördüler. Ertir Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert bilen çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Uzaga çeken çempionlyk arzuwlary
Total futbolyň 2-nji bölümi
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar