Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

12-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar.Sergide fotosuratlar, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli görnüşli haly we zergärçilik önümleri, atlaryň bezeg şaý-sepleri görkezildi. Çäräniň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň çuňňur manysy bar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynyň bu künjegi ahalteke bedewleriniň gadymy mekany hökmünde ykrar edildi.Bu ýerde duşuşyklary geçirmek, ahalteke atşynaslygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi.

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym S.Mikelesku çykyş edip, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny bu şanly waka bilen gutlady hem-de Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Çykyş edenler ÝUNESKO-nyň bu çözgüdiniň Türkmenistana we türkmen seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň yhlasyna bildirilen hormatdygyny nygtadylar. Şeýle-de olar ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan atşynaslyk däplerini gorap saklamak, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermek ugrunda yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewleri taryhyň dowamynda zergärleriň, şahyrlaryň, suratkeşleriň ylham çeşmesine öwrüldi.Olara bagyşlanan halyçylyk, zergärçilik we surat eserleri halkara sergilerde mynasyp baha eýe bolýar.

Soňra dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda döredilen Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri atly ÝUNESKO klubuna bardylar we bu ýerde ahalteke bedewleriniň taryhy, türkmen çapyksuwarlarynyň halkara ýaryşlarda gazanan üstünlikleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar.

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çeýeligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen göreni haýran galdyrýan bedewlere atlanan ýaşlar at üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirdiler.

Umuman, Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama türkmen atşynaslygynyň taryhynda mynasyp orun eýelär.

Ýene degişli makalalar

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag şäherinde ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnama gowşuryldy
Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologiki sowatlylygyny artdyrmak atly onlaýn duşuşyk geçirildi
Türkmen wekilýeti ABŞ-nyň uniwersiteti bilen atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrendi
30-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Magtymguly atly ajaýyp kitapdan