Arkadag şäherinde Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi geçirildi

Arkadag şäherinde Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi geçirildi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragy ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilýän Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi geçirildi.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, bäsleşigiň Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyry Ruhyýet köşgüniň öňündäki giň meýdançada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan guraldy.

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyryna bu ýerde ýaşaýan, bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar. Olaryň köpüsi talyplar, şol sanda şäheriň sungat ugurly bilim ojaklarynda okaýan ýaşlardyr.

Habarda bellenilişi ýaly, dabaranyň başynda bäsleşige gatnaşyjylar Ýaňlan, Diýarym! atly meşhur aýdymy bilelikde ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde ýurduň dürli sebitlerinden gelen belli sungat ussatlary eminlik etdiler.

Dabara bäsleşige gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan Arkadagyň yhlasy — kalbymyzyň owazy atly aýdym bilen jemlendi.

Eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şöhle Muhammedowa hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hünärmeni Döwletgeldi Atajanow bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olar, degişlilikde, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen Boýlaryňa hem-de Şasenem-Garyp dessanyndan Akmaýa gerek atly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ýeňijileri döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENLERDE DÜÝE BEZEMEGIŇ GADYMY DÄPLERI
Goşa galaktika tapyldy
Biler bolsaňyz!..