Arkadag şäherinde Wena baly geçiriler

11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde Wena baly geçiriler. Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşjak Awstriýa wekiliýetiniň düzümine meşhur opera solistleri we tans duetleri girer.

Wolfgang Mosart, Iogan Ştraus, Weli Muhadow, Aman Agajykow, Daňatar Öwezow, Çary Nurymow ýaly meşhur awstriýa we türkmen kompozitorlarynyň eserleri Türkmenistandaky Wena balynyň aýrylmaz bölegine öwrüler.

Ýatlap geçsek, Wena baly Türkmenistanda bäşinji gezek guralýar. Türkmenistanda ilkinji gezek Wena baly 2011-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi. Bu çäräni geçirmek Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Wena baly geçiriler
11-nji oktýabrda Türkmenistanda 5-nji Wena baly geçiriler
Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti
Aşgabatda IV Wena baly geçirildi
Aşgabatda Wena joşgalaňy: on ýyldan soň
25.10.2019 | Bilelikdäki türkmen-awstriýa simfoniki orkestri onýyllygyny baýram edýär