2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda sebitdäki ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şäherinde Wena baly geçiriler.
Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu waka bilen bagly Türkmenistana sapar etjek Awstriýa wekiliýetiniň düzümine meşhur opera solistleri we tans duetleri girer.
Wolfgang Motsart, Iogan Ştraus, Weli Muhadow, Aman Agajykow, Daňatar Öwezow, Çary Nurymow ýaly meşhur awstriýa we türkmen kompozitorlarynyň eserleri Türkmenistandaky Wena balynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Ýatlap geçsek, Wena baly Türkmenistanda bäşinji gezek guralýar. Türkmenistanda ilkinji gezek Wena baly 2011-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi. Bu çäräni geçirmek Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy.