11-nji oktýabrda Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.
Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi.
V Wena balyna we Galkynyş simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistana Awstriýadan myhmanlar geldiler, olar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnama paýtagtymyzda ýerleşen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp görmegi özünde jemleýär. Şeýle hem dostlukly ýurduň wekillerine sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi.
Awstriýaly myhmanlar binagärlik we bezeg ulgamynyň häzirki zaman ösüşleri milli binagärligiň, bezeg serişdeleriniň däpleri bilen sazlaşykly utgaşýan täze şäheriň gözelligine haýran galýandyklaryny beýan etdiler.
Agşam Arkadag Binasynyň öňündäki meýdançada V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti boldy. Bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle çäreler ozal Aşgabatda guralýardy.
Aýdym-saz agşamy ýurdumyzyň görnükli aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Arkadag şäheri — bagtyň şäheri” atly aýdym bilen açyldy.
Soňra awstriýaly kompozitor we dirižýor Karl Mihael Sireriň “Polonez” sazy ýaňlandy.Ony Galkynyş simfoniki orkestri we birleşen tans toparlary ýerine ýetirdiler.Berk berjaý edilýän düzgüne laýyklykda, Wena balynyň resmi taýdan açylyş dabarasy 25 sany tansçy jübütiň sahna çykmagyndan başlanýar.
Oňa gatnaşyjylaryň lybaslary — erkek adamlaryň däbe öwrülen gara-ak reňkli fraklary bala geýilýän köýnekler bilen utgaşyp, waka mahsus bolan aýratyn dabaraly ýagdaýy alamatlandyrýar.Gülleriň ajaýyp çemeni onuň hökmany bölegi bolup durýar.
Agşamyň dowamynda Arkadag Binasynyň öňündäki meýdança ýygnanan tomaşaçylar Iogann Ştrausyň, Frans Legaryň, Lýudwig Minkusyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň we beýleki kompozitorlaryň ajaýyp sazlaryndan, görnükli türkmen we awstriýaly aýdymçylaryň çykyşlaryndan lezzet aldylar.
Zehinli aýdymçylar Regine Hangler we Lewent Gündüz aýdym-saz baýramçylygynyň şatlygyny türkmenistanlylar bilen paýlaşmak üçin ýurdumyza geldiler. Bala çagyrylan myhmanlaryň hatarynda tansçylar jübüdi — Awstriýa Respublikasyndan tansçylar Dimitar Stefanin we Irina Grasser hem bar. Olaryň görkezen çykyşlary-da şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Aýdym-saz agşamyna gatnaşyjylaryň arasynda Döwlet tans topary, “Serpaý”, “Galkynyş”, “Laçyn”, “Näzli”, Aşgabat döredijilik toparlary, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň we ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň tans toparlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Miras folklor topary, Birleşen çagalar hory, “Mukam” ýaş skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, Şowhun, Şatlyk, Meňli, Aýjan, Gyzyl güljagaz çagalar tans toparlary we beýlekiler bar.
Dostlugyň we döredijiligiň baýramy artistleriň hemmesiniň bilelikde joşgunly ýerine ýetirmeginde “Arkadagly Gahryman Serdarly Watan” atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy.