Arkadag şäherinde N.Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli konsert boldy

Arkadag şäherinde N.Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli konsert boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, 27-28-nji oktýabrda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Mukama siňen ömür atly festiwal geçirildi. Bu festiwalda türkmen saz sungatynyň ägirdi bolan Nury Halmämmedowyň döreden eserleri, kompozitora bagyşlanan eserler, sergiler, kinofilmler ýurduň ähli künjeginde belentden-belent wasp edildip, uly dabaralar bilen bellenilip geçildi.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredijilik toparynyň kompozitoryň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli taýýarlan konserti boldy.

Konsert Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň Mukamyň syry kinofilminden Gyzlaryň hory eseriniň halk saz gurallary orkestriniň sazandarlyk etmeginde, şeýle-de mekdebiň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde başlandy.

Dabara kompozitoryň Iki agaç, Toý kerweni, Tüýdük, meşhur eserlerinden düzülen Saz çemeni, Prelýudiýa, Ýaz ertiri, Şükür bagşy kinofiliminden Şüküriň galoby, Mukamyň syry kinofilminden Karkaranyň aýdymy, Keçpelek, Duran ýerleri, Hüwdi fantaziýa, Elegiki prelýudiýa we fuga, Uçuň durnalar, Türkmen sährasy, Aşgabat, Artygyň aýdymy ýaly eserlerini mekdebiň mugallymlarydyr talyplarynyň, kamera ansamblynyň, hor, akkardeonçylar, kanunçylar, gitaraçylar toparlarynyň, üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde dowam etdi.

Mundan başga-da dabarada Nury Halmämmedowyň Dutaryň owazy, Haýrana galar eserlerini Arkadag şäher Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby, şeýle-de mekdebiň birleşen ansambl toparynyň ýerine ýetirmegi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Konsert H.Amangeldiýewiň Bagtyýar ýaşlar aýdymynyň ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsert
Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowa bagyşlanan konserti geçirildi
Aşgabatda Sazdaky durmuş konserti geçirildi
Mukama siňen ömür atly festiwal başlady
Mukama siňen ömür atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäherinde ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti geçirildi