Arkadag şäherinde JAC E-J7 elektromobiller hereket eder

Arkadag şäherinde JAC E-J7 elektromobiller hereket eder

Ýakyn günlerde akylly şäher konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy bolar.

Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek ekologiýa taýdan howpsuz elektrik jemgyýetçilik ulaglary ulanylar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde habar berildi.

Akylly şäher taslamasynyň durmuşa geçirilmegine ýurduň köp sanly döwlet edaralary we hususy kärhanalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenawtoulaglary agentliginiň buýurmasy boýunça häzirki wagtda Paýhas Merkezi hojalyk jemgyýeti JAC MOTORS-dan kuwwatlylygy 60 kW bolan 10 sany JAC E-J7 elektrik ulagy we 5 sany tok beriji beket bilen üpjün etdi.

Türkmen kärhanasynyň habaryna görä, bu model şäher taksisi hökmünde ulanmak üçin niýetlenilýär. Ulaglaryň Alfa Romeo, Lancia we Maserati görnüşini döreden meşhur italiýaly dizaýner Daniel Galone bu awtoulaglaryň döredilmeginiň üstünde işledi.

JAC E-J7 elektrik awtoulagy häzirki zaman talaplarynyň hemmesine laýyk gelýär we panoramik lýuk, arka tarapy görkezýän ýygnalýan aýna, yzky kamera, kruiz dolandyryşy we 10,4 dýumlyk multimediýa duýgur ekran bilen üpjün edilendir.

Täze tehnologiýasy bolan güýçli 3 w 1 motor ulgamyna eýedir.

Elektrik ulagynyň doly tokda geçýän aralygy 400 km deňdir.

Kuwwatlylygy 60 KW bolan elektrik ulaglary üçin tok beriji bekedi, 50Hz ýygylygy bilen 380V AC üpjün edýär.

JAC MOTORS häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly kärhana bolmak bilen, Hytaýyň iň uly on awtoulag öndürijisiniň biridir.

Kärhana garaşsyz söwda nyşany bilen dürli görnüşli awtoulaglaryň doly görnüşini öndürýär.

Paýhas Merkezi hojalyk jemgyýeti eýýäm türkmen bazaryndaky JAC awtoulaglarynyň ilkinji toplumyny hödürledi we ýakyn wagtda içerki awtoulag bazarynyň talaplaryna laýyklykda öz işlerini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheri elektromobiller we tok beriji beketler bilen üpjün edildi
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Dodge 2023-nji ýylda täze Hornet wnedorožnigi bilen tanyşdyrar
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Formula-1-iň şu möwsümde iň köp jerime alan sürüjisi belli boldy
F1-iň täze möwsümi başlaýar