Arkadag şäherinde ilkinji Halkara maýa goýum forumy geçiriler, Türkmenistanyň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdebinden ibn Sinanyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi we beýleki habarlar

Arkadag şäherinde ilkinji Halkara maýa goýum forumy geçiriler, Türkmenistanyň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdebinden ibn Sinanyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. 30-njy iýunda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda Arkadag akylly şäher atly ilkinji Halkara maýa goýum forumy geçiriler. Forum Türkmenistanyň ilkinji döwlet ähmiýetli şäheriniň maýa goýum mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin gyzyklanma bildirýän şahslaryň köp sanlysyny bir ýere jemlemegi maksat edinýär. Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde türkmen telekeçileri tarapyndan taýýarlanan önümleriň sergisi hem guralar.

2. Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilip geçilýär. Şanly waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň raýatlaryny, medeniýet we sungat işgärlerini gutlady.

Berkarar Watanymyzyň durmuşyndaky şöhratly wakalar medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli zähmete, belent maksatlara, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy özgerişlere beslenmegine, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna medeniýet we sungat işgärleri uly goşant goşýarlar diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilýär.

3.Abu Aly ibn Sinanyň ylmy mirasy Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen ylmy-amaly maslahatyň esasy mowzugy boldy.Abu Aly ibn Sina orta asyrlar dünýäsiniň görnükli alymlarynyň biridir, ol Ýewropada Awisenna ady bilen giňden tanalýar.

Ol ylmyň 29 ugry boýunça 450-den gowrak eser döredipdir.Abu Aly ibn Sinanyň lukmançylyk mirasy milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy atly ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyryldy.

4. 26 29-njy iýun aralygynda Dýusseldorf şäherinde Türkmen işewürliginiň güni geçiriler.Nebithimiýa, gurluşyk we dokma senagatlarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilýän foruma gatnaşmak üçin ýurduň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Germaniýa ugrady. Çäräniň dowamynda nemes işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysadyýeti, eksport mümkinçilikleri, daşary söwda we maýa goýum syýasaty, şeýle hem önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meseleleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

5. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde myhmanlara baý medeni-dynç alyş maksatnamasy garaşýar. Ir bilen baýramçylyk ýörişi geçiriler, günüň dowamynda bolsa aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary guralar. Agşam bolsa açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisine täsirli çykyş, ýagny dronlaryň şüweleňi garaşýar. Täze şäheriň şanyna iri feýerwerk şüweleňi guralar we baýramçylyk konserti geçiriler.

Dünýäde

6. 2023-nji ýylda musulmanlaryň Mekgä zyýaraty taryhdaky iň köpçülikleýin zyýarat bolup biler. Saud Arabystanyna eýýäm 2 milliona golaý adam geldi we ýene 500 müň zyýaratçynyň gelmegine garaşylýar. Soňky üç ýylyň dowamynda haj parzy ilkinji gezek sanitar çäklendirmeleri bolmazdan geçirilýär.

7.Nemes kompaniýasy Statista dünýäde iň giň ýaýran dilleriň sanawyny düzdi.Birinji orny, garaşylyşy ýaly, iňlis dili eýeledi bu dilde bir ýarym milliarda golaý adam gürleýär, ol 40 döwletiň resmi dilidir we öwrenmek üçin iň meşhur daşary ýurt dilidir.

Ikinji orny hytaý dili, üçünji orny hindi dili eýeledi.Olardan soňky iň giň ýaýran dilleriň üçlügine ispan, fransuz we arap dilleri girýär.

Sport habarlary

8. Türkmen woleýbolçylary erkekler ýygyndylarynyň arasynda CAVA-2023 çempionatynyň Milletler Kubogyny Eýrandan 3:2 hasabynda üstün çykmak bilen tamamladylar. Çempionatyň medallary ugrunda 7 topar bäsleşdi. Geçirilen duşuşyklaryň netijesi boýunça bäsleşikde Eýranyň milli ýygyndysy ýeňiji boldy, ikinji orny Gyrgyzystanyň topary eýeledi. Bürünç medaly bolsa 11 utuk bilen Mongoliýanyň woleýbolçylary eýelediler.

9. Luka Modriç Madridiň Realy bilen şertnamasynyň möhletini 2024-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Horwat futbolçy Realyň düzümine 2012-nji ýylda goşulypdy we toparda çykyş eden 11 möwsüminiň dowamynda 23 baýraga eýe boldy. modriç geçen möwsümde gaýmak reňklileriň düzüminde ähli ýaryşlarda jemi 51 duşuşyga gatnaşyp, 6 pökgi geçirdi we 6 sany netijeli pas berdi.

10.Barselona ýarymgoragçy Ilkaý Gündogan bilen şertnama baglaşylandygyny tassyklady.Nemes ýarymgoragçy gök-gyrmyzylar bilen ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi esasynda iki möwsümlik şertnama baglaşdy.Gündogan 2016-njy ýyldan bäri Angliýanyň Mançester Siti toparynda çykyş edýärdi, şol toparyň düzüminde bir gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji bolda, bäş gezek Angliýanyň çempionatynyň ýeňijisi we iki gezek Milli kubogyň eýesi boldy.

Gündogan geçen möwsümde 51 duşuşyga gatnaşyp, 11 pökgi geçirdi we 7 gol pasyny berdi.

Ýene degişli makalalar

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi
16 duşuşyk 48 gol
M.Garryýew adyndaky TDLU Lukmançylyk mekdepleriniň Bütindünýä gollanmasyna girizildi
“Ylym ösüşleriň çeşmesi” atly sergi