Arkadag şäherinde ilkinji akylly demirýol menzili gurlar

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry dowam etdirilýär. Bu tapgyrynda umumy bilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, Saglyk öýleriniň, awtoparklardyr awtoulag menzilleriniň we beýleki binalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Guruljak desgalaryň hatarynda demirýol menziliniň binasy aýratyn orna eýedir. Türkmenistan gazetiniň habar bermegine görä, bu demirýol menzili Merkezi Aziýadaky ilkinji akylly demirýol menzili bolar.

Menziliniň 2 gatly binasynyň beýikligi 20 metr bolup, ol sagatda 50 ýolagça hyzmat eder. Onda akylly şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk gelýän habar beriji elektron tablolar ýerleşdiriler, akylly wideogözegçilik ornaşdyrylar.

Perronyň üçekleri howa şertleri bilen baglylykda özi açylar we ýapylar. Ýolagçylar üçin myhmanhana, saglyk nokady bolar. Demirýol menziliniň düzüminde tehniki hyzmat ediş binasy, bassyrmaly awtoduralga, köpri, açyk awtoduralgalar, ýöriteleşdirilen tehnikalar üçin bölümi gurmak göz öňünde tutulýar.

Demirýol menziliniň gurluşygyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendemiryollary gullugynyň buýurmasy esasynda Ulgam gurluşyk hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär
Baýramçylygyň öň ýany, içerki gatnawlara agram düşýär, sebitara hereket başagaýlyga sezewar bolýar
Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär
Transport kynçylyklary: Ýolagçylar otlularyň hajathanalarynda sapar etmeli bolýar
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
“Demirýollary” ýolagçy otly gatnawlarynda täze hyzmatyny işe girizýär