Arkadag şäherinde harytlar ekologiýa taýdan arassa Jinma elektrik ulaglary bilen eltip berilýär

Arkadag şäherinde harytlar ekologiýa taýdan arassa Jinma elektrik ulaglary bilen eltip berilýär

Arkadag şäheri täjirçilik daşamalary üçin Jinma elektrik ulaglaryny ulanmak bilen, durnukly ulag ugrunda möhüm ädim ätdi.

Gonkongyň Run Horse holdingi tarapyndan öndürilen bu sessiz we netijeli ulag serişdeleri häzirki wagtda köçelerde hereket edýär we daşky gurşawa kän bir täsirini ýetirmezden, ilata harytlary eltip berýär.

Häzirki wagtda Arkadag şäher Söwda müdirliginiň hojalyk bölümi Jinma elektrik ulaglaryny işjeň ulanýar. Bu ulaglar dürli iýmit önümleriniň we gyzgyn tagamlaryň eltip berilmegini üpjün edýär. Mundan başga-da, bölümiň ygtyýarynda bu ulagyň gök önümleri we çalt zaýalanýan önümleri daşamaga niýetlenilen amatly sowadyjy kamera bilen enjamlaşdyrylan görnüşi hem bar.

Jinma elektrik ulaglary ýokary tygşytlylyga eýedir. Modeline baglylykda, ulag 2-3 sagadyň dowamynda doly zarýadly alanda 90—120 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Terminator Aýazbaba boldy
ABŞ-da dünýäde iň agyr kädi ösdürip ýetişdirdiler
BAE-de Gün elektrik stansiýasy işe giriziler
Merkezi Aziýa we Koreýa respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi
Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek atly maslahata gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşdy